HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýada Ýewropanyň iň iri akkumulýatorly energiýa saklaýyş ulgamy gurulýar

Noýabr 17, 2025 | 17:45 |15282
Germaniýada akkumulýator batareýalaryna esaslanýan Ýewropanyň iň iri energiýa saklaýyş ulgamynyň (BESS) gurluşygyna taýýarlyk başlandyGermaniýada akkumulýator batareýalaryna esaslanýan Ýewropanyň iň iri energiýa saklaýyş ulgamynyň (BESS) gurluşygyna taýýarlyk başlandy
Çeşme: Fluence Energy

Germaniýada akkumulýator batareýalaryna esaslanýan Ýewropanyň iň iri energiýa saklaýyş ulgamynyň (BESS) gurluşygyna taýýarlyk başlandy. GigaBattery Jänschwalde 1000 ady berlen bu taslama 1 GW kuwwat we 4 GWs sygym bilen tapawutlanýar. Taslama Ýenşwalde şäherçesinde LEAG Clean Power GmbH we Fluence Energy kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Gurluşyk tamamlanandan soň, GigaBattery Germaniýanyň energiýa ulgamyny durnuklaşdyrmakda möhüm orun eýelär. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýanyň (gün we ýel) üýtgeýän öndürilişini netijeli deňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Bu desganyň gurulmagy LEAG kompaniýasynyň giň gerimli GigawattFactory taslamasynyň bir bölegi bolup, ol aşakdaky pes uglerodly aktiwleri özünde jemleýär:

• Gün we ýel elektrik stansiýalary.

• BESS ulgamlary (GigaBattery ýaly).

• “Ýaşyl” wodorod öndürmek.

Ulgamda Fluence kompaniýasynyň Smartstack tehnologiýasy ulanylar — bu iri göwrümli energiýa saklamak üçin blok görnüşindäki innowasion çözgüt bolup, her bir blokda 7,5 MWs çenli sygymy üpjün edýär. Smartstack iki bölekden ybarat bolup, ýerinde ýygnalýar. Bu bolsa adaty konteýnerlerden has uly ölçegine garamazdan, ýokary sygymy saklap, logistika prosesini ep-esli ýeňilleşdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026