HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Kataryň Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Noýabr 18, 2025 | 23:25 |28529
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherden ynanç hatyny kabul etdi18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherden ynanç hatyny kabul etdi
Çeşme: orient.tm

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherden ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutany ilçini diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Aşgabadyň Katar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge strategik ähmiýet berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejeli özara düşünişmek bilen häsiýetlendirilýändigi we netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejede özara saparlar arkaly yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gazanylan üstünlikleri kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň BMG-de öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapynyň goldawy aýratyn nygtaldy we ýokary baha berildi.

Duşuşygyň dowamynda iki tarap hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutany şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny bilelikde öwrenmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Bu mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek we döwletara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin türkmen-katar hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns berildi.

Ilçi Nasser bin Ahmed Al Taheri Türkmenistanyň Prezidentini iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026