HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi

Noýabr 16, 2025 | 18:00 |19804
15-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi.15-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi.
Çeşme: BMG tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti

15-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi. Festiwal Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraldy.

Festiwalyň esasy maksady maýyp adamlaryň jemgyýetçilik durmuşynda doly gatnaşmagy üçin amatly we elýeterli gurşawy döretmegiň möhümdigini görkezmekdi.

16112025-festival1.jpg

Seýilgäh tematiki ugurlara bölündi: sport we güýmenje, maglumat we döredijilik. Myhmanlar, esasanam, maýyp adamlaryň döreden işleriniň, şol sanda çeper suratlaryň, ýumşak oýnawaçlaryň, senetçilik önümleriniň sergisine gyzyklandylar. Gyzykly tennis we küşt ýaryşlary hem geçirildi we gatnaşyjylar joşgunly aýdym we tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Festiwalyň çäginde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň daşky gurşawy goramaga, oňa aýawly çemeleşmäge gönükdirilen diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan zehini kämilleşdirmäge, tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge gönükdirilen oýunlar festiwalyň gyzykly pursatlaryny döretdi. Şu ýerde oýunlar üçin ähli esbaplaryň gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň maksady tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmekden ybarat bolup durýar.

16112025-festival2.jpg

Festiwala işjeň gatnaşan raýatlarymyza guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre adamlar, olaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, oňa gatnaşanlarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

16112025-festival3.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026