HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Turkmentel-2025” atly maslahatynyň çäginde Halkara startap forumy geçirilýär

Noýabr 14, 2025 | 07:35 |16840
13-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde “Turkmentel-2025” atly sergisiniň we halkara maslahatynyň çäginde 2025-nji ýyl üçin Halkara startup forumyny açdylar. Bu waka ýurduň innowasion we sanly özgertmelerini öňe ilerletmekde möhüm tapgyra öwrüldi13-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde “Turkmentel-2025” atly sergisiniň we halkara maslahatynyň çäginde 2025-nji ýyl üçin Halkara startup forumyny açdylar. Bu waka ýurduň innowasion we sanly özgertmelerini öňe ilerletmekde möhüm tapgyra öwrüldi
Çeşme: BMGÖM

13-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde “Turkmentel-2025” atly sergisiniň we halkara maslahatynyň çäginde 2025-nji ýyl üçin Halkara startup forumyny açdylar. Bu waka ýurduň innowasion we sanly özgertmelerini öňe ilerletmekde möhüm tapgyra öwrüldi.

Forum dialog, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär we sebitiň dürli künjeklerinden geljegi uly telekeçileri, hökümet edaralarynyň wekillerini, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryny we hususy pudagyň öňdebaryjylaryny bir ýere jemleýär.

Forum BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara maslahatçysynyň IT-meýdançasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýol kartasynyň tanyşdyrylyşy bilen başlady. Ýol kartasy tehnologiýa we telekeçilik boýunça sebitleýin merkeze öwrülmäge ukyply, işjeň we depginli innowasion merkezini döretmek üçin giňişleýin çarçuwany hödürleýär.

forum-startapov-turkmentel-2025 (5).JPG

Ol Türkmenistanyň milli startap ekoulgamynyň bahalandyrylmagyny, güýçli we gowşak taraplaryny, şeýle hem innowasion esasynda ösüş mümkinçiliklerini kesgitlemegi öz içine alýar. Ýol kartasy sanly özgertme üçin iň geljegi uly pudaklary, şol sanda tehnologiýanyň ykdysady ösüş we durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri açyp biljek maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary, oba hojalygy we energetika ulgamlaryny öz içine alýar.

Forumyň maksatnamasy iki ýokary derejeli panel çekişmeleri öz içine aldy: “Ösüp barýan startap ekoulgamlaryny döretmek – Ösüp gelýän bazarlarda startaplary maliýeleşdirmek” we “Telekeçilik ukyplaryny ösdürmek – inkubatorlar, akseleratorlar we bilim”. Toparyň düzümine Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Estoniýadan, Ermenistandan we hökümet edaralaryndan, bank we maliýe ulgamyndan, innowasin we tehnologiýa meýdançalaryndan, startaplardan we telekeçilikden, bilim we “EdTech” pudagyndan, şeýle hem professional ykdysady birleşiklerinden wekilçilik edýän halkara guramalarynyň bilermenleri gatnaşdy. Munuň özi bolsa sanly özgerişlik, maliýe we ykdysady ösüş boýunça giň sebitleýin garaýyşlary döretmäge mümkinçilik berdi.

forum-startapov-turkmentel-2025 (8).JPG

Çekişmeler işjeň startap ekoulgamlaryny ösdürmek üçin zerur bolan hukuk we maliýe çarçuwalaryna, maýa goýum strategiýalaryna we işewür perişdeleriň, wençura maýa goýumlarynyň we halkara maýadarlaryň ornuna gönükdirildi. Çykyş edenler startap inkubatorlaryny we akseleratorlaryny döretmek we dolandyrmak, ýaşlaryň telekeçiligi strategiýalary, gender deňligi başlangyçlary we innowasiýany ösdürmek üçin uniwersitet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça iň gowy tejribeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

forum-startapov-turkmentel-2025 (2).jpg

“Sanly innowasiýa indi hökmany däl – ol inkluziw ösüşiň, bäsdeşlige ukyplylygyň we durnukly ösüşiň strategik hereketlendiriji güýjidir – diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy. – BMG-niň Ösüş Maksatnamasy IT meýdançasyny döwrebaplaşdyrmak, telekeçiligi goldamak we zenanlar, ýaşlar we ähli raýatlar üçin sanly ykdysadyýete gatnaşmak üçin mümkinçilikleri açýan işjeň startap ekoulgamyny döretmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etýändigine buýsanýar. Bilelikde biz Türkmenistanyň tehnologiýa, innowasion we durnukly sanly özgertme babatda sebitleýin öňdebaryjy bolmagynyň binýadyny goýýarys”.

forum-startapov-turkmentel-2025 (4).JPG

Forum 14-nji noýabrda Aşgabatdaky “Ish Nokady” koworking merkezinde dowam eder we onda Türkmenistandan, Özbegistandan we Gyrgyzstandan telekeçileri we startaplary bir ýere jemleýär. Gatnaşyjylar öz pikirlerini hödürlemek, bilermenleriň pikirlerini almak we bilim alyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar, şol bir wagtyň özünde sebitleýin bilermenler we halkara hyzmatdaşlar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we Merkezi Aziýanyň startap ekoulgamyny ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

“Halkara startup forumy 2025” bilim alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gurşawy döretmekde, Türkmenistanda durnukly innowasiýa esaslanýan ekoulgamyň binýadyny goýmakda we onuň sanly özgerdilmegini çaltlandyrmakda möhüm orny eýelemegi maksat edinýär.

forum-startapov-turkmentel-2025 (6).JPG

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026