“China CAMC” Türkmenistany “Bir guşak” we “Beýik Ýüpek ýoly” başlangyçlarynyň sazlaşykly utgaşmasy hökmünde görýär


“China CAMC Engineering Corporation” ulag-aragatnaşyk pudaklaryny birleşdiren bilelikdäki halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy. Bu – deňeşdirme boýunça ýaş (bary ýogy 24 ýaşynda), ýöne döwlet eýeçiligindäki uly kompaniýa Hytaýyň çäklerinden has uzaklarda giňden tanalýar. ORIENT-iň habarçylary Enejan Kepbanowa we Seýli Aryşow “China CAMC Engineering Co., Ltd.” kompaniýasynyň wise-prezidenti bilen söhbetdeş boldylar.
— Jenap Lýu Şençen, okyjylarymyzy ýolbaşçylyk edýän kompaniýaňyz bilen tanyşdyrmagyňyzy haýyş edýäris.
— “China CAMC Engineering” 2001-nji ýylyň maý aýynda esaslandyryldy we häzirki wagtda Şençžen gazna biržasynda sanawa alyndy. Onuň esasy işi "açary tabşyrmak" şertnamasyny öz içine alýar. Gysga wagtyň içinde biz diňe bir Hytaýda däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda ýüze golaý iri taslamany durmuşa geçirdik.
— Kompaniýanyň haýsy ugurlar boýunça işleýändigi barada gürrüň beräýseňiz?
— Korporasiýanyň gyzyklanma ugurlary örän giň – “China CAMC Engineering” energetika bilen baglanyşykly, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri meselem gün elektrik stansiýalary ýaly taslamalara işjeň gatnaşýar. Şeýle hem, biz oba hojalygynda we himiýa senagatynda, esasan hem degişli toplumlaryň gurluşygynda hyzmatlary hödürleýäris. Şeýle hem, ulag we raýat infrastrukturalaryny gurýarys.
Baş potratçylykdan başga-da, “China CAMC Corporation” ýerli we daşary ýurtlardaky maýa goýumlaryna we halkara söwdasyna gatnaşýar, köplenç iri maýa goýum taslamalarynda esasy potratçy ýa-da hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Mysal üçin, suwlary arassalamak üçin niýetlenen desgalar.
“China CAMC Engineering” kompaniýasy esaslandyrylandan bäri halkara derejesinde iş alyp barýar, köp ýurtlarda şahamçalary we wekilhanalary bar. Şeýle hem, biz senagat, oba hojalygy, energetika, suw üpjünçiligi we başga pudaklarda enjamlaryň eksportyna maýa goýýarys we maliýeleşdirýäris.
Kompaniýa köp halatlarda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin dürli halkara we hökümet guramalary, şol sanda eksportkarzlary ätiýaçlandyryş korporasiýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

— Siz “China CAMC Engineering” korporasiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde köp taslamalary durmuşa geçirýändigini aýdýarsyňyz. Türkmenistanda hem barmy…
— Men bilýärin! Bu “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” taslamasy. Bu başlangyçlaryň ikisiniň hem köp meňzeşlikleri bar, sebäbi olar umumy maksatlary paýlaşýarlar – Gündogar bilen Günbataryň siwilizasiýalarynyň arasyndaky söwdanyň gadymy däplerini, medeni alyş-çalyşy we dialogy dikeltmek islegi bar. Bu infrastrukturany ösdürmek, ulag geçelgelerini gurmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we başga-da köp zatlary öz içine alýar.
“Bir guşak, bir ýol” we “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeltmek” strategiýalary sazlaşykly utgaşdyrylýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir milli we sebit derejesinde däl, eýsem halkara derejesinde hem ykdysady ösüşi üpjün eder.
Biz türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine ýokary baha berýäris. Siziň ýurduňyzyň ýolbaşçylary — hotmatly Prezident we Halk Maslahatynyň Başlygy — onuň ösüşine uly üns berýärler. Men muňa şahsy tejribämden baha berip bilerin, sebäbi bu meniň şu ýylyň özünde Türkmenistana üçünji saparym we ýurduň nähili çalt ösýändigini öz gözüm bilen gördüm. Şonuň üçin, Hytaýyň beýleki köp kompaniýalary ýaly, “China CAMC Engineering” hem geljegi uly türkmen bazaryna girmäge we bu ýerde öz ornuny tapmagy maksat ediýär.
— Forumyň dowamynda geçirilen pikir alyşmalardan we iş duşuşyklaryndan Sizde nähili esasy täsirler galdy?
— Bilelikde gatnaşan halkara maslahatlarymyz we sergilerimiz örän oňyn täsir galdyrdy. Forumyň dowamynda biz öz ugurlarynda ýokary hünärli hünärmenler bolan türkmenistanly kärdeşlerimiz, demir ýol ulgamynyň işgärleri bilen netijeli duşuşyklar geçirdik.
Şeýle hem, biz Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “China CAMC Engineering Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdik. Biz siziň ýurduňyz bilen mundan beýläk-de özara peýdaly hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we bu ýerde öz güýjümizi, tejribämizi we hünär ussatlygymyzy ulanmaga taýýardyrys.
— Siz nähili duýgular bilen Türkmenistandan gidýärsiňiz?
Foruma gatnaşmaga çakylyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Diňe işewürlik bilen baglanyşykly meselelerden başga-da, Türkmenistanyň örän owadan ýurtdugyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Aşgabat hususan-da, “gözelligiň” standart kesgitlemelerine garşy çykýar – ol gözelligi we arassalygy bilen özboluşly, tapawutly şäher. Bu ýerde hoşniýetli we dostana adamlar ýaşaýar. Türkmenistana gelen islendik adam bu ýerde özüni doly howpsuz duýýar.
Biz kärdeşlerimiziň myhmansöýerliginiň we işewürlik ruhunyň bilelikde meýilleşdirilen taslamalarymyzyň çalt durmuşa geçirilmegi üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys.








