HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Maskyň «xAI» kompaniýasy 15 milliard dollar maýa goýum çekdi

Noýabr 14, 2025 | 11:30 |19612
Ilon Maskyň emeli aň boýunça döredilen startapy «xAI» täze maýa goýum tapgyrynyň çäginde 15 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini çekdi.Ilon Maskyň emeli aň boýunça döredilen startapy «xAI» täze maýa goýum tapgyrynyň çäginde 15 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini çekdi.
Çeşme: Habr

Ilon Maskyň emeli aň boýunça döredilen startapy «xAI» täze maýa goýum tapgyrynyň çäginde 15 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini çekdi. Bu barada gepleşiklerde habarly çeşmä salgylanyp, «CNBC» habar berýär.

Habarda ýazylyşyna görä, goýlan serişdeleriň möhüm bölegi iri dil modellerini özleşdirmek üçin zerur bolan grafiki prosessorlary satyn almaga gönükdiriler.

Bu maýa goýum tapgyryndan soň, «xAI» kompaniýasynyň bahasy, takmynan, 200 milliard dollaryna golaýlady. Deňeşdirmek üçin, ýakynda geçirilen maýa goýum tapgyrynda «Anthropic» 183 milliard amerikan dollaryna, «OpenAI» bolsa, takmynan, 500 milliard amerikan dollaryna bahalanypdy.

Şeýle hem sentýabr aýynda Ilon Mask «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda kompaniýanyň goşmaça maýa goýum çekmegi meýilleşdirmeýändigini aýdypdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026