HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DÇ-2026-nyň Ýewropadaky saýlamasy: Portugaliýa ýeňildi, Ronaldu gyzyl kart aldy

Noýabr 14, 2025 | 08:20 |6872
Düýn futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlamasynyň nobatdaky oýunlary geçirildi. Günüň esasy wakasy Irlandiýa — Portugaliýa oýny boldy. Portugaliýa ýeňiş gazanan halatynda DÇ-2026-a ýollanmany kepillendirmelidi. Emma duşuşyk 2:0 hasabynda Irlandiýanyň ýeňşi bilen tamamlandy.Düýn futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlamasynyň nobatdaky oýunlary geçirildi. Günüň esasy wakasy Irlandiýa — Portugaliýa oýny boldy. Portugaliýa ýeňiş gazanan halatynda DÇ-2026-a ýollanmany kepillendirmelidi. Emma duşuşyk 2:0 hasabynda Irlandiýanyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Çeşme: Kontraspor

Düýn futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlamasynyň nobatdaky oýunlary geçirildi. Günüň esasy wakasy Irlandiýa — Portugaliýa oýny boldy. Portugaliýa ýeňiş gazanan halatynda DÇ-2026-a ýollanmany kepillendirmelidi. Emma duşuşyk 2:0 hasabynda Irlandiýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Üstesine, duşuşykda portugaliýalylaryň esasy oýunçysy Kriştianu Ronaldu gödek oýny üçin 61-nji minutda gyzyl kart aldy. Şeýlelikde, ol Portugaliýanyň ýygyndysynyň indiki 2 oýnunda meýdança çykyp bilmez. Bu diýildigi Portugaliýa DÇ-2026-a çykan halatynda, Ronaldunyň toparçalaýyn tapgyryň ilkinji oýna gatnaşyp bilmejekdigini aňladýar.

Portugaliýa saýlamanyň soňky tapgyryndaky oýnuny 16-njy noýabrda öz öýünde Ermenistan bilen geçirer. Şol oýundaky ýeňiş Roberto Martinesden tälim alýan topary mundiala alyp çykar.

Şeýle-de düýn Italiýa Moldowany 2:0, Angliýa Serbiýany 2:0, Norwegiýa Estoniýany 4:1 hasabynda utdy.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Ýewropada diňe Angliýa we Fransiýa özleri üçin DÇ-2026-nyň ýollanmasyny wagtyndan öň kepillendirmegi başardylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026