HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýyldan başlap, “Google Play” batareýanyň güýjüni azaldýan programmalary belliklär

Noýabr 12, 2025 | 16:15 |17790
“Google” – “Google Play” programma dükanynda täze duýduryş ulgamynyň girizilendigini yglan etdi“Google” – “Google Play” programma dükanynda täze duýduryş ulgamynyň girizilendigini yglan etdi
Çeşme: iframe.thesun.co.uk

“Google” – “Google Play” programma dükanynda täze duýduryş ulgamynyň girizilendigini yglan etdi. 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, ulanyjylar smartfonlarynyň batareýasyna has köp ýük salýan hyzmatlary görkezýän ýörite bellikleri alarlar. Bu çäre enjamyň batareýasyny goramaga we işläp düzüjileri öz programmalaryny has gowy kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Täze mehanizm “Samsung” bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen “Excessive Partial Wake Locks” görkezijisine esaslanýar. Algoritm programmanyň fon işlerini ýerine ýetirmek üçin smartfonyň uklama režimine girmegine näçe gezek päsgel berýändigini seljerýär.

Programma sarp edilýän energiýany edýän hasaplanar we eger ol enjamy 24 sagadyň dowamynda iki sagatdan köp uklamaga päsgel berse, oňa bellik berler.

“Google Play”-de bellikleriň girizilmegi ulanyjylara programmanyň enjamyň batareýasynyň ömrüne täsiri barada açyk maglumat berer.

Duýduryşlardan başga-da, energiýa sarp edýän programmalar uly çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar:

• Öňe gidişlikler çäklendiriler.

• Programmalar “Google Play”-iň maslahat berýän sanawyndan çykarylyp bilner.

“Google” bu çäklendirmeleriň işläp düzüjileri öz önümlerini kämilleşdirmäge we “Android” enjamlarynyň batareýalaryna täsirini azaltmaga höweslendirjekdigine umyt edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026