Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasy Ähtnama gol çekdiler


BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan “Türkmenistanda pudakara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga goldaw bermek” taslamasynyň çäginde şu gün, 13-nji noýabrda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Elektron dolandyryş akademiýasynyň (“E-Governance Academy”, Estoniýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bu resminama döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda ýöriteleşdirilen bilim we maslahat beriş hyzmatlaryny bermäge gönükdirilendir.

Ähtnama gol çekmek dabarasy telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlymlar ulgamyndaky “Türkmentel-2025” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäginde geçirildi, munuň özi bolsa bu çäräniň sanly başlangyçlary öňe sürmek we ýurduň innowasiýa mümkinçiliklerini pugtalandyrmak üçin strategik ähmiýetini nygtaýar.
“Biz ýurduň sanly dolandyryş mümkinçiligini pugtalandyrmaga, bilim ulgamynda tejribe alyşmaga hem-de döwlet dolandyryşyny we sanly özgerişligi öňe sürýän innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga ýardam etjek bu strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şatdyrys” – diýip, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belledi.
Ähtnama gol çekilmegi BMGÖM-niň Türkmenistanda sanly ösüşi goldamak boýunça giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýene bir ädimi alamatlandyrýar. Ählumumy sanly strategiýasynyň bir bölegi hökmünde BMGÖM ýurtlara inkluziw, durnukly we howpsuz sanly ekoulgamlary ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistanda bu iş institutsional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, sanly başarnyklary ösdürmäge, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we raýatlaryň sanly hyzmatlara deň derejede elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.








