HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý patent üçin ýüz tutmalaryň sany boýunça dünýä liderligini özünde saklaýar

Noýabr 13, 2025 | 16:40 |23262
Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda berlen ähli patent ýüz tutmalarynyň deň ýarysyna golaýy Hytaýyň paýyna düşdi. Has takygy, 2024-nji ýylda ýurt patent almak üçin 1,8 million ýüz tutma hasaba alnyp, bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 9% köpdür.Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda berlen ähli patent ýüz tutmalarynyň deň ýarysyna golaýy Hytaýyň paýyna düşdi. Has takygy, 2024-nji ýylda ýurt patent almak üçin 1,8 million ýüz tutma hasaba alnyp, bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 9% köpdür.
Çeşme: 3dnews.ru

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda berlen ähli patent ýüz tutmalarynyň deň ýarysyna golaýy Hytaýyň paýyna düşdi. Has takygy, 2024-nji ýylda ýurt patent almak üçin 1,8 million ýüz tutma hasaba alnyp, bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 9% köpdür. ABŞ bolsa 603 müň ýüz tutma bilen ikinji orny eýeläp, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende işjeňligini azaltdy.

Liderleriň bäşligine Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Germaniýa hem girdi. Şol bir wagtyň özünde ähli ýüz tutmalaryň 70%-den gowragy Aziýa ýurtlarynyň paýyna düşdi.

Şeýle-de Hytaý hasaba alnan patentleriň sany boýunça hem birinji orny eýeledi — 1 milliondan gowrak patent. ABŞ-da bolsa bu görkeziji, takmynan, 320 müň boldy. Umuman, 2024-nji ýylda dünýäde jemi 3,7 million sany patent üçin ýüz tutma berlip, bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 5% köpdür.

Innowasion işleriň öňdebaryjy ugurlary — kompýuter tehnologiýalary, elektrik inženerçiligi, ölçeg enjamlary, sanly aragatnaşyk we lukmançylyk tehnologiýalarydyr. Mundan başga-da, Hytaý haryt nyşanlaryny we senagat dizaýnlaryny hasaba almak babatda-da dünýäde öňdeligi saklap, degişlilikde 7,3 million we 825 müň ýüz tutma tabşyrdy.

ORIENT

 

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026