«Grok» «X» sosial ulgamynda her gün 100 million posty seljerer
Noýabr 13, 2025 | 13:20 |20421


Ilon Maskyň aýtmagyna görä, «Grok» emeli aň ulgamy geljek aýdan başlap, «X» sosial torunda her gün, takmynan, 100 million posty, şol sanda tekstleri, suratlary we wideo materiallary seljerer.
Algoritm ulanyjylara mazmuny awtoryň meşhurlygyna däl-de, diňe peýdaly taraplaryna we hiline esaslanyp maslahat berer. Bu mümkinçilik kämil emeli aň tehnologiýasy we ýüzlerçe grafiki prosessorlar arkaly amala aşyryldy.
Täze düzgün ulanyjylara maslahat berilýän mazmunyň ýokary hilli we anyk bolmagyna kömek edip, onuň has şahsylaşdyrylan we meşhur hasaplaryň işjeňligine baglylygyny azaldar.
ORIENT








