ÝEWRO-2028-iň açylyş we final oýunlary geçiriljek stadionlar belli boldy


Kardiff şäherindäki (Uels) «Prinsipaliti» stadiony 2028-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň açylyş oýnuny özünde kabul eder. Turniriň ýarym final duşuşyklary we final oýny bolsa Londondaky «Uembli» stadionynda geçiriler. Bu barada «Daily Mail» ýazýar.
2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty ilkinji gezek bir wagtyň özünde dört ýurtda — Angliýada, Uelsde, Şotlandiýada we Irlandiýada geçiriler. Ýaryşa 24 ýygyndy gatnaşar we turnirde jemi 51 oýun geçirer. ÝEWRO-2028 9-njy iýunda başlanyp, 9-njy iýulda tamamlanar.
Angliýanyň ýygyndysy toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýuny Mançesterdäki «Etihad» stadionynda geçirer. Iňlisleriň galan iki oýny «Uembli» stadionynda bolar. Irlandiýanyň, Şotlandiýanyň we Uelsiň ýygyndylary hem özleriniň toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlaryny degişlilkde Dublin, Glazgo we Kardiff şäherlerinde geçirerler.
ORIENT








