HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäde maglumat merkezlerine goýulýan maýa 2025-nji ýylda 580 milliard dollardan geçer

Noýabr 13, 2025 | 11:15 |21519
Bütindünýä Energetika Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleriň (MITM) gurluşygy üçin gönükdirilen maýa goýumlaryň ýyllyk möçberi 580 milliard amerikan dollaryna ýeter.Bütindünýä Energetika Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleriň (MITM) gurluşygy üçin gönükdirilen maýa goýumlaryň ýyllyk möçberi 580 milliard amerikan dollaryna ýeter.
Çeşme: Vlast.kz

Bütindünýä Energetika Agentliginiň (IEA) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda maglumatlary işläp taýýarlaýan merkezleriň (MITM) gurluşygy üçin gönükdirilen maýa goýumlaryň ýyllyk möçberi 580 milliard amerikan dollaryna ýeter. Bu bolsa şu ýyl täze nebit känlerini gözlemek üçin goýberiljek maliýe serişdelerinden 40 milliard dollar möçberinde köpdür.

Onýyllygyň ahyryna çenli emeli aň bilen bagly maglumat merkezleriniň energiýa sarp edişi bäş esse ýokarlanar, bu ugurda ähli görnüşdäki merkezleriň häzirki görkezijileri hem artar. Maglumat merkezleriniň sarp edýän energiýasynyň esasy bölegi ABŞ-a, galan bölegi bolsa Ýewropa we Hytaýa degişli bolar. Täze desgalaryň köpüsi uly şäherleriň golaýynda gurlup, olar 200 megawattdan ýokary kuwwat bilen işlemek üçin niýetlenýär.

Käbir sebitlerde, şol sanda Wirjiniýanyň demirgazygynda we Dublin şäherinde elektrik torlaryna birikdirilmek kuwwat ýetmezçiligi sebäpli birnäçe ýyl gijä galýar. Mundan başga-da, energetika enjamlarynyň ýetmezçiligi emeli aň ulgamlarynyň artýan isleglerine laýyklykda infrastrukturanyň durkuny täzelemegi haýalladýar.

IEA-nyň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri maglumat merkezleriniň bu ugurdaky zerurlyklarynyň esasy bölegini üpjün edip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026