HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

IRU-nyň Baş sekretary logistika tejribesini ösdürmekde Türkmenistanyň öňdengörüjiligine ýokary baha berdi

Noýabr 12, 2025 | 20:00 |19513
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara maslahatynyň umumy mejlisinde wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onuň “Ählumumy ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler” atly tema bagyşlanan çykyşynda Merkezi Aziýada netijeli, howpsuz we durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm orny nygtaldyAwtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara maslahatynyň umumy mejlisinde wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onuň “Ählumumy ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler” atly tema bagyşlanan çykyşynda Merkezi Aziýada netijeli, howpsuz we durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm orny nygtaldy
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 12-nji noýabr | ORIENT. Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara maslahatynyň umumy mejlisinde wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onuň “Ählumumy ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler” atly tema bagyşlanan çykyşynda Merkezi Aziýada netijeli, howpsuz we durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm orny nygtaldy.

Umberto de Pretto ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmekde öňdengörüjilikliligi we dünýä derejesinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işjeň işi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

“Netijeli, howpsuz we durnukly ulag we üstaşyr geçelgeleri, Türkmenistan ýaly deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlar we sebitdäki beýleki ýurtlar üçin örän möhümdir. Netijeli awtomobil gatnawy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisiniň esasynda durýar” – diýip, 3,5 milliondan gowrak awtobil ulaglary arklay ýük daşaýan operatorlary dirleşdirýän IRU-nyň ýolbaşçysy belledi.

Ol IRU-nyň Türkmenistandaky agzasy – THADA-nyň – diňe milli derejede awtobil ulaglary arklay ýük daşamagyň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ählumumy ulgamda türkmen operatorlarynyň sesi bolup hyzmat edýändigini belledi.

IRU-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň netijelilikde, innowasiýalarda we hyzmatdaşlykda öňdebaryjylygyny belläp, ýurduň utgaşdyrylan halkara gurallary ulanmakda başgalar üçin nusga bolup hyzmat edýändigini belledi.

Esasy tema 1949-njy ýylda IRU tarapyndan döredilen TIR (Halkara ýol gatnawy) ulgamy boldy. Türkmenistan onlarça ýyl bäri diňe bir onuň ulanylyşynda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmän, eýsem onuň doly sanlylaşdyrylmagyny hem işjeň öňe sürýär.

TIR ulgamyny mundan beýläk ulanmak üçin, Türkmenistan ähli esasy serhet geçelgelerinde TIR ýük awtoulaglary üçin ileri tutulýan zolaklary bölüp berdi, bu bolsa ýurduň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerine düýpli täsir etdi. BMG-niň howandarlygynda işlenip düzülen kagyzsyz ýük-ulag resminamalary (e-CMR) öňe sürmekde halkara hyzmatdaşlygy innowasiýalaryň ýene bir ajaýyp mysalydyr. Türkmenistan, takmynan 40 ýurt bilen bilelikde, bu protokola gol çekdi we onuň doly we çalt durmuşa geçirmekde söwdany we üstaşyr gatnawy has-da höweslendirer.

Çykyşynyň ahyrynda, Umberto de Pretto Türkmenistanyň dünýä giňişliginde, esasanam BMG-de işjeň garaýşyny belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen berkidilen we häzirki wagtda her ýylyň 26-njy noýabrda bellenilýän Bütindünýä Durnukly ulag günini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy munuň aýdyň mysaly boldy. Onuň sözlerine görä bu gün- ulagyň, esasanam awtoulaglaryň, durnukly ösüşi we planetamyzyň gülläp ösüşi üçin ähmiýetini ykrar etmek üçin özboluşly mümkinçiligi döredýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026