HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri 2028-nji ýyla çenli sanly konsepsiýany tanyşdyrdy: ugur EA-ykdysadyýete, 5G we Hazarüsti geçirjilere tarap

Noýabr 12, 2025 | 17:35 |20440
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew “Türkmentel — 2025” hem-deý “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly bilelikdäki halkara meýdançanyň çäginde hasabat bilen çykyş etdiTürkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew “Türkmentel — 2025” hem-deý “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly bilelikdäki halkara meýdançanyň çäginde hasabat bilen çykyş etdi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 12-nji noýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew “Türkmentel — 2025” hem-deý “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly bilelikdäki halkara meýdançanyň çäginde hasabat bilen çykyş etdi. Ministr ýurduň strategik ugrunyň giňişleýin synyny hödürledi we täze “Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilip başlanylandygy barada aýtdy.

Ministr H.Hudaýgulyýew bilelikdäki maslahatyň formatynyň ilkinji gezek Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiň, “akylly” şäherleriň we netijeli önümçilik ulgamlarynyň kemala gelmeginiň esasy bolan sanly, ulag we logistika tehnologiýalarynyň arasynda netijeli tagallara ýetmäge çalyşýan täze tapgyryny şöhlelendirýändigini nygtady.

Ministr öz çykyşynda täze “Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, elektron hökümet ulgamlaryny, sanly bilimi we saglygy goraýşy ösdürmäge, şeýle hem maglumat geçirijilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge we emeli aň ulgamyna maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendigini belledi.

turkmenistan-ii-ekonomika-5g-transkaspiy-turkmentel.jpg

Anyk gazanylan üstünlikler we strategik meýilnamalaryň arasynda şu aşakdakylar bellenildi:

5G ulgamynyň ornaşdyrylmagy: Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň işe girizilmegi bu tehnologiýanyň tutuş ýurt boýunça has-da giňeldilmeginiň başlangyç nokadyny alamatlandyrýar we sanly infrastrukturanyň ösüşinde möhüm tapgyr bolup durýar. Arkadag şäheriniň özi eýýäm 4G+ we 5G tehnologiýalaryny, şeýle hem öňdebaryjy “ýaşyl” we maglumat-aragatnaşyk çözgütlerini işjeň ornaşdyrdy.

EA-niň ösüşi: Türkmenistan emeli intellektiň ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edýär. Ýurtda eýýäm bilimde (uýgunlaşýan ulgamlar), saglygy goraýyş ulgamynda (ynyklaýyş) we oba hojalygynda (ekin hasylyny çaklamak) emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça synag taslamalaryny durmuşa geçirýär.

Emeli aň boýunça ygtyýarlyk merkezi: Ýakyn wagtda “Türkmentelekom” EAK-nyň ýanynda emeli aňy ösdürmek boýunça ygtyýarlyk merkeziniň döredilmegi meýilleşdirilýär. Onuň maksady – esasy ykdysady pudaklarda ylmy-barlag mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan we innowasiýalary ösdürmekden.

12112025-turkmenistan-ii-5g-transkaspiy-turkmentel.jpg

Halkara aragatnaşyk ulgamynda ministr Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ulag-aragatnaşyk merkezi hökmündäki Türkmenistanyň ornuny nygtady.

Optiki süýümli aragatnaşyk geçirjileri: Häzirki wagtda Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan DWDM enjamlaryny ornaşdyrylan sekiz sany optiki süýümli aragatnaşyk geçirijileri hereket edýär.

Hazarüsti geçirjiler we Günorta üstaşyr ulgamy: Hazar deňziniň ugrunda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamyny gurmak taslamasy boýunça işler işjeň alnyp barylýar. Şeýle hem, bir wagtda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda sanly ulag gatnawynyň ösdürilmeginde möhüm halka öwrüljek Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

X-Road: BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda Estoniýanyň X-Road platformasyna esaslanýan pudakara elektron özara gatnaşygy ornaşdyrmak boýunça synag taslamasy üstünlikli tamamlandy. Döwlet edaralaryny bu ulgama has-da integrasiýalaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.

1762942905933.jpg

Ministr çalt sanlylaşdyrma şertlerinde kiberhowpsuzlyga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Milli maglumat giňişliginiň goraglylygyny üpjün edýän Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy üstünlikli işleýär.

Çykyşynyň ahyrynda H.Hudaýgulyýew halkara hyzmatdaşlaryny birnäçe möhüm ugurlarda, şol sanda sebitleýin ylmy we innowasiýa merkezlerini döretmekde, innowasiýalary giňeltmek üçin ýöriteleşdirilen maliýe gurallaryny işläp düzmekde we serhetüsti sanly geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026