HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Görünmeýän Monitor: “Visual Instruments” sazlap bolýan aňyrsy görünýän displeýi hödürledi

Noýabr 12, 2025 | 15:56 |16141
“Visual Instruments” kompaniýasy däp bolan displeýleriň ornuny tutmaga niýetlenen täze “Phantom” konseptual monitoryny tanyşdyrdy. Täze manitoryň esasy aýratynlygy – sazlanyp, aňyrsynyň görünmegidir“Visual Instruments” kompaniýasy däp bolan displeýleriň ornuny tutmaga niýetlenen täze “Phantom” konseptual monitoryny tanyşdyrdy. Täze manitoryň esasy aýratynlygy – sazlanyp, aňyrsynyň görünmegidir
Çeşme: visualinstruments.co

“Visual Instruments” kompaniýasy däp bolan displeýleriň ornuny tutmaga niýetlenen täze “Phantom” konseptual monitoryny tanyşdyrdy. Täze manitoryň esasy aýratynlygy – sazlanyp, aňyrsynyň görünmegidir. Enjam telesuflera ýa-da awiasiýa üçin niýetlenen HUD-displeýlere meňzeş görnüşde işleýär: surat aýna panele şöhlelenýär we ulanyja ekranyň içinden görmäge mümkinçilik berýär. Öndüriji munuň gözüň agyrmasyny azaldýandygyny tassyklaýar.

12112025-monitor-phantom1.jpg

“Phantom” – bu diňe bir aňyrsy görünýär ekran däl, eýsem telesufler ýaly şekili aýnanyň üstüne şöhlelendirýän çylşyrymly optiki ulgamdyr. Bu bolsa şekiliň howada asylgy duran şekilini döredýär.

• Göz üçin gorag: Gözlere dynç bermek üçin, iş ýeriňizden gözüňizi aýyrman, monitor arkaly töweregiňize seretmek ýeterlikdir.

• Çeýelik: Ulanyjy elýeterli birnäçe görnüşleriň içinden, açyklyk derejesini sazlap biler.

• Şekiliň hili: Monitorda 24 dýuýmlyk panel bar, ol örän aýdyň 4K suratlary we örän ýokary ýagtylygy (Ultra HDR) öz içine alýar.

12112025-monitor-phantom2.jpg

“Phantom” monitory USB-C we HDMI portlary arkaly ähli häzirki zaman enjamlary (kompýuterler, konsollar we smartfonlar) bilen birikdirip bolar.

Enjam häzirki wagtda prototip tapgyrynda, diňe 10 sanysy öndürildi. Resmi bahasy heniz yglan edilmedi, ýöne onuň ýokary bolmagyna — 1600 dollardan geçmezligine garaşylýar. Monitoryň satuwynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda başlanmagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026