«Google» geljek dört ýylda Germaniýa 5,5 milliard ýewro maýa goýar
Noýabr 12, 2025 | 15:15 |16591


«Google» geljek dört ýylda Germaniýada maglumat merkezlerine we beýleki taslamalara umumylykda 5,5 milliard ýewro möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Hususan-da, kompaniýa Frankfurt sebitinde iki sany maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär.
«Google» kompaniýasynyň Germaniýadaky edarasynyň ýolbaşçysy Filipp Ýustusyň sözlerine görä, maýa goýumlar her ýyl, takmynan, 9 müň sany täze iş ornunyň döredilmegine ýardam eder.
Ýeri gelende bellesek, geçen hepde «Nvidia» hem «Deutsche Telekom» bilen bilelikde Mýunhende umumy bahasy 1 milliard ýewrolyk maglumat merkezi gurmak meýilnamasyny yglan edipdi. Onuň açylyşy 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär.
ORIENT








