AÖB Türkmenistanda durnukly syýahatçylygyň we sanly hyzmatlaryň ösüşini goldar


Aziýa ösüş banky (AÖB) 10 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda hem sanly transformasiýany hem-de durnukly syýahatçylygy goldamak maksady bilen, «Durnukly syýahatçylyk we hyzmatlaryň söwdasy» atly sebitleýin taslamanyň çäginde tehniki kömek bermek barada karary kabul etdi.
Report neşiriniň AÖB-e salgylanyp habar bermegine görä, bu taslama Azerbaýjan bilen bilelikde Gruziýany, Hytaýy, Pakistany, Mongoliýany we Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerini öz içine alýar.
Bu maksat üçin 550 müň ABŞ dollary möçberinde serişdeler Ýöriteleşdirilen tehniki kömek gaznasy arkaly berler.
Bankyň maglumatyna görä, tehniki kömek syýahatçylyk pudagynyň ösüşine päsgel berýän kynçylyklary aradan aýyrmak üçin sanly innowasiýalaryň hem-de durnuklylyga gönükdirilen syýasatyň ornaşdyrylmagyna ugur açar. Bu bolsa syýahatçylygyň sebitleýin söwda we ykdysady diwersifikasiýasyna goşýan goşandyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
“Taslamanyň maksady CAREC sebitinde syýahatçylyk we sanly hyzmatlar arkaly hyzmatlaryň söwdasyny berkitmekden ybarat bolup, akylly, ekologiýa taýdan arassa we inklýuziw sanly çözgütleri öňe sürmek hem-de syýahatçylar üçin amatly şertleri döretmekdir. Esasy üns serhetüsti baglanyşyklaryň gowulandyrylmagyna, durnukly we netijeli syýahatçylyk syýasatynyň ösdürilmegine we sanly transformasiýanyň çaltlandyrylmagyna gönükdirilýär” - diýip, AÖB belläp geçýär.
Bankyň bellemegine görä, taslama syýahatçylyk pudagynda ekologiýa taýdan arassa we sanly çözgütleri ornaşdyrmak arkaly sebitiň bäsdeşlige ukyplylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrar, şeýle hem syýahatçylara päsgelsiz we medeni taýdan baý tejribeleri hödürlär.
Bu başlangyçlar AÖB-niň öňki taslamalaryna daýanýar we CAREC ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ygrarlylygyny görkezýär we CAREC Syýahatçylyk strategiýasy hem-de Hereketler meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna laýyk gelýär.
Bankyň maglumatynda bellenilişi ýaly, sebitiň medeni, tebigy we serhetüsti syýahatçylygynyň ösüşi üçin uly mümkinçiligi bar, ýöne onuň ösüşi pes sanlylaşma derejesi, edaralaryň arasyndaky utgaşdyrylyşyň gowşaklygy we netijesiz serhet düzgünleri bilen çäklendirilýär. Täze taslama bu meseleleri çözmäge hem-de CAREC 2030 “Integrirlenen söwda gün tertibi” başlangyjynyň çäklerinde ekologiýa dostlukly söwdanyň we howa bilen baglanyşykly çözgütleriň öňe ilerledilmeginde ýardam berer.
Taslamanyň amala aşyrylmagynyň netijesinde syýahatçylyk pudagynyň hem akylly, durnukly we inklýuziw hyzmatlaryň söwdasynyň giňeldilmegine we sanlylaşdyrylmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu ugurda syýasaty işläp taýýarlamak we utgaşdyrmak üçin jogapkär edaralara goldaw berler.
Taslamanyň ilkinji tamamlanjak möhleti 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli bellenildi.








