“Dutaryň owazlary” – ýaş zehinleri we artistleri sungatyň Kolumbyy bolmaga höweslendirildi


Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” atly IX Moskwa halkara sungat festiwaly Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň “Zurab Tsereteli sungat galereýasy” muzeý-sergi toplumynda uly gala-konsert bilen tamamlandy. 27-nji oktýabrda başlanan bir hepdelik marafon, festiwalyň aýdym-saz bäsleşiginiň netijeleriniň yglan edilmegi bilen tamamlandy. Şu ýyl bu festiwala Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Özbegistandan, Gwatemaladan we Türkmenistandan 100-den gowrak adam gatnaşmaga isleg bildirdi.

Giň gerimli çäreleriň toplumy iki möhüm senä bagyşlandy: Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly.
Bu festiwal däp boýunça iki esasy ugurda täze atlary açmak üçin meýdança öwrüldi: etniki medeni däp-dessurlaryň esasynda nusgawy sazlary ýerine ýetirýän sazandalaryň bäsleşigi we “Söz älemi” atly aýdym aýtmak bäsleşigi.

Art-direktor, kompozitor Mämmet Guseýinowyň ýolbaşçylygyndaky köp milletli emin agzalarynyň düzümine görnükli bilermenler, professorlar, at gazanan sungat işgärleri we halkara bäsleşiginiň laureatlary, şol sanda Ýewgeniý Wolkow (RTSI), Anna Greçişkina (“Gelikon operasy”), professor Olga Morozowa, Leonora Dmiterko (Moskonsert), RF-iň Prezidentiniň baýragynyň eýesi Wýaçeslaw Çaýran we beýlekiler bardy.
Türkmenistanly gatnaşyjylaryň (Çagalar sungat mekdebiniň, Daňatar Öwezow adyndaky TDSÝM okuwçylary we Maýa Kulyýewa adyndaky TMK talyplary) üstünligi milli sazçylyk mekdebiniň ýokary derejesini tassyklady. Bäsleşigiň jemleri boýunça öz ugurlaryndaky ýeňijiler:
Wokal
I derejeli baýragyň eýesi – Aýlar Arnageldiýewa we Selbi Ymamowa (Türkmenistan, uly ýaş derejesinde);
II derejeli baýragyň eýesi – Umyt Töräýew (Türkmenistan, 10-12 ýaş aralygy), Aýjeren Abdyllaýewa, Yhlas Welihanow we Muhammetaly Muhammedow (Türkmenistan, uly ýaş derjesi);
Ýörite baýraklar we şaý-sepler şu aşakdakylara gowşuryldy:
Maýa Kulyýewanyň adyny göterýän ýörite baýragy – Woloşina Kseniýa (Russiýa);
Medeniýet Şahberdiýewanyň adyny göterýän ýörite baýragy – Talli Lopes Eunis Abigaýla (Gwatemala);
Tomaşaçylaryň ýörite baýragy – Lada Norden we Alisa Žilina (Russiýa);
Harby aýdymy ýerine ýetirenligi üçin Murat Sadykowyň adyny göterýän ýörite baýragy – Mark Ýagneşko (Russiýa).

Kirişli-kemençe bilen çalynýan saz gurallary
Ylmy we innowasiýany ösdürmek gaznasynyň adyndan gran-pri we bir ýyllyk talyp hakly baýragy Kristina Zaskanowa (Russiýa, 13-14 ýaş derejesinde) berildi.
I dejeli baýragyň eýesi: Guwanç Saryýew (Türkmenistan, kontrabas, 18 ýaşdan ýokary derejede).
II derjeli baýragyň eýesi: Milara Tahyrjanowa (Türkmenistan, 10-12 ýaş derjesi).
III derjeli baýragyň eýesi: Asal Aýlyýewa we Aýlar Rustamowa (Türkmenistan, 13-14 ýaş derejesi.

Fortepiano
I derejeli baýragyň eýesi: Nazar Reýimow (Türkmenistan, 13–14 ýaş derejesi).
II derejeli baýaragyň eýesi: Aýnur Kabulowa, Aýgözel Nurmämmedowa, Ogulnäzik Rahmanowa (Türkmenistan, 18 ýaşdan ýokary derejede).
III derejeli baýragyň eýesi: Kerimberdi Mämmedow (Türkmenistan, 15–17 ýaş topary).
Diplomant:
Babaýewa Amina (Türkmenistan), kiçi ýaş derejesi (10–12 ýaş).

“Dutaryň owazlary” festiwaly – bu diňe bir bäsleşik bolman, eýsem giň gerimli bilim we ylmy maksatnamasydyr” Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda “Urşuň keşbi sungatyň aýnasynda” atly Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde Russiýanyň öňdebaryjy sungat ugurly uniwersitetleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-niň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilermenleri taryhy hakydany gorap saklamagyň, gahrymançylyk we watançylyk düşünjelerine düýpli täze çemeleşmeleri işläp düzmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Marafonyň çäginde etniki medeni däp-dessurlaryna aýratyn üns berlip, “Söz älemi” atly aýdym aýtmak bäsleşigi geçirildi.

Çäreler tapgyry 6-njy noýabrda Russiýa Döwlet Kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde açylan we 14-nji noýabra çenli dowam edýän “Parahatçylyk öwüşgüni” atly sungat sergisi bilen tamamlanýar.
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna bagyşlanan sergide, guramaçylaryň pikiriçe, “halklaryň arasyndaky serhetleri ýok edýän, olara döredijilikiň umumy dilinde dialog geçirmek mümkinçiligini berýän” meşhur ussatlaryň eserleri görkezilýär. Sergi tutuş festiwala aralaşýan parahatçylyk we döredijilik garaýyşlarynyň daşyndan şöhlelenmesi bolup hyzmat edýär.

Festiwalyň ahyrynda onuň art-direktory Mämmet Guseýnow biziň bilen täsirli wideo ýüzlenmesini paýlaşdy we göz öňünde tutulan ähli zatlaryň amala aşandygyna çuňňur kanagatlanma bildirdi.
Ol ähli guramaçylara we gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, gala-konsertiň bagyşlanylan şahsyýeti Zurab Tsereteli galereýasyny aýratyn belläp geçdi. Bu ajaýyp surtakeşiň we festiwalyň uly dostynyň hatyrasyna Mämmet Guseýnowa Tsereteliniň Hristofor Kolumba bagyşlanan meşhur Diptihiň miniatýurasynyň nusgalary gowşuryldy. “Täze adamyň dogluşy" (Sewilýa, Ispaniýa) we “Täze dünýäniň dogluşy” (Puerto-Riko) ýadygärliklerinden ybarat bolan diptih bu beýik syýahatyň başlangyjyny we soňuny alamatlandyrýar.

Bäsleşigiň ýaş ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna, şeýle hem ähli döredijilik adamlaryna ýüzlenip, art-direktor hemmelere Kolumb ýaly bolmagy – özüne ynanmagy we täze ýerleri, sepgitleri we giňişlikleri açmagy arzuw etdi. Bu güýçli metafora tutuş festiwala ylham beriji kod boldy, beýik deňizçi ýaly, näbelli zady kabul etmäge, öwrenilmedik döredijilik ýollaryny gözlemäge we däp-dessurlaryň güýjüne we sungatyň hemme zady ýeňip geçýän güýjüne ynanmaga esaslanyp, medeniýetleriň arasynda köprüler gurmaga çagyryş boldy.

ORIENT








