HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder

Noýabr 11, 2025 | 13:45 |15798
Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini we ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilerTürkmenistanyň sanly ykdysadyýetini we ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçiriler
Çeşme: tdh.gov.tm

Häzirki wagtda global sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlary, telekommunikasiýa ulgamlarynda iň oňat tehnologik çözgütler, şeýle hem sebit we dünýä ulag pudagynyň logistika strategiýalary ýurdumyzyň ykdysady durmuşyna işjeň goşulýar.

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini we ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçiriler.

Şeýlelik-de, ilkinji gezek bir sergi we gepleşik meýdançasynda birleşdirilen bu iki halkara çäre, mowzuklaýyn döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, milli telekommunikasiýa institutyny döwrebaplaşdyrmaga we ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion görnüşine gönükdirilen wezipeleri birleşdirer.

Bilermenleriň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi ýokary tehnologiýalar, ulag çözgütleri ulgamynda içerki we ählumumy gazanylan üstünlikler bilen has çuňňur tanyşmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga mümkinçilik döreder.

Gatnaşyjylaryň köp sanly bolmagy öňde boljak duşuşyklaryň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. «Türkmentel-2025» halkara forumyna Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ählumumy tehnologik bazaryň iri kompaniýalary gatnaşarlar. Olaryň hatarynda «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Juniper», «Thales», «IBM», «Mitsubishi», «Turkish Post», «Kras-Logistics GmbH», «China CAMC Engineering», «China Harbour Engineering Company» ýaly belli kompaniýalar bar. Umumylykda Aşgabatda 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy we 350 wekiliýet ýygnanar.

Serginiň çäklerinde sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň we telekommunikasiýalar ulgamynda täze innowasion çözgütler görkeziler. Şunuň bilen birlikde, «FinTech» forumynyň, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň okuw sapagynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde Halkara startap-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly forumyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça tanyşdyrylyşlar guralar. Olar ulag ulgamynyň geljekki konsepsiýasyny, sebit özara baglanyşygyny we multimodal infrastruktura geçelgelerini, howa ulagynyň durnuklylygyny, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütleri we olara maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini öz içine alýar.

Şunuň bilen birlikde, şu ýyl ýurdumyzda tapgyrlaýyn esasda «Sanly çözgüt – 2025» atly giň gerimli innowasion bäsleşigiň geçirilendigini, oňa milli hünärmenleriň gatnaşyp, maglumat dünýäsiniň dürli ugurlary boýunça 362 taslamany degişli bilermenleriň garamagyna hödürländiklerini bellemelidiris. Munuň bilen baglylykda, öňde boljak halkara çäreleriniň meýdançasynda bäsleşigiň netijeleri jemlenip, iň oňat işläp taýýarlamalar saýlanylyp alnar. Innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026