Türkmenistan Pekindäki maslahatda “ýaşyl” we sanly gurluşyk modelini öňe sürýär


Pekinde 6-8-nji noýabr aralygynda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynda gurluşyk ministrleriniň maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ýokary hilli şäher gurluşygyna we “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirildi. Maslahat Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” ikinji sammitiniň gönüden-göni dowamy bolup, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmagy we bitewi ykbaly bolan bileleşigi bilelikde gurmaga gönükdirildi.
Forumyň esasy maksady şäher gurluşygy ulgamynda tejribe alyş-çalşygyny çuňlaşdyrmak, infrastruktura, inženerçilik we gurluşyk taslamalarynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy
Maslahatda Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew çykyş edip, pudagy ösdürmegiň milli strategiýasy bilen tanyşdyrdy.
Ministr A.Geldiýew Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça binagärlik däplerinde alyş-çalyş etmegiň köp asyrlyk taryhynyň häzirki zaman hyzmatdaşlygyny gurmak üçin berk binýady döredýändigini nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan bu ruhy täze derejede, ýagny senagatlaşdyrma, sanlylaşdyrma we durnukly ösüş döwründe dikeltmäge çalyşýar.

Esasy garaýyş: “Biziň öňümizde senagat, sanly we “ýaşyl” gurluşyk ulgamyna geçmek meselesi durýar. Bu ugur durnukly ösüşi, ykdysady netijeliligi we ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm görkezijä öwrülýär”.
Ministr bilelikdäki iş üçin dört esasy ugry belläp geçdi:
“Ýaşyl” infrastruktura. Ýaşyl taslamalaşdyrmak, ýaşyl gurluşygy we ýaşyl eksplutasiýany höweslendirmek, arassa energiýany ösdürmek, sanly we ýaşyl infrastrukturanyň özara baglanyşygyny çaltlaşdyrmak.
Seýsmiki töwekgelgiligi azaltmak. Seýsmiki howply zolaklarda seýsmiki gurluşyk we töwekgelçiligi azaltmak pudagynda tejribe we ylmy-barlag işleriniň alyş-çalşygy.
Bilim alyş-çalşygy. Binagärlik taýdan taslamalaşdyrmak, şäher gurluşygy we inženerçilik çözgütleri ulgamynda tejribe alyş-çalşygy.
Ylmy-tehniki mümkinçilikler. Ylmy-tehniki innowasiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki iş duşuşyklaryny, ylmy seminarlary we maslahatlary guramak.
Ministr A.Geldiýew Türkmenistanda binagärligiň döwletiň ösüşiniň strategik ugry hökmünde garalýandygyny nygtady.
Täze taslamalarda her bir elementiň adamyň we jemgyýetiň bähbidine hyzmat edýän adam merkezli giňişlik ýörelgesi durmuşa geçirilýär.
Ýurduň binagärlik keşbi milli aýratynlyklary häzirki zaman funksionallygy, energiýa netijeliligi we daşky gurşaw bilen sazlaşykly özara täsirleşmek ýörelgeleri bilen utgaşdyrýar.

Ulag, energetika we inženerçilik infrastrukturasynyň ösüşi gurluşyk bilen berk baglanyşyklydyr we sebitiň ykdysadyýetlerini birleşdirmek üçin esas bolup hyzmat edýär, munuň özi bolsa ulag-logistika özara baglanşygyny Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň esasy elementine öwürýär.
Çykyşynyň ahyrynda, ministr duşuşygyň geljekki nesiller üçin görelde boljak bilelikdäki taslamalary döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
ORIENT








