Türkmenistan AÖB-nyň Bişkekde geçen okuw maslahatynda: Merkezi Aziýada “ýaşyl” ukyplaryň ösdürilmegi


4–6-njy noýabr aralygynda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) «Nazaryýetden amalyýete: CAREC ýurtlarynda amaly hünärmenler üçin adalatly geçiş syýasaty meseleleri boýunça barlaghana» atly okuw maslahaty geçirildi. Aziýa ösüş banky (AÖB) we Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara okuw merkezi (HZG HOM) tarapyndan gurnalan bu çäre, Merkezi Aziýada “ýaşyl” ukyplaryny ösdürmek hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli maksatnamanyň tamamlaýjy tapgyry boldy.
Çäräniň esasy maksady — CAREC sebit ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem pes uglerodly ykdysadyýete adalatly we inklýuziw ykdysady geçişi üpjün edýän amaly gurallary işläp taýýarlamakdyr.
Seminara CAREC ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň wekilleri, howa syýasaty boýunça bilermenler hem-de tehniki bilim ulgamynyň edaralarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti (Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň işgärleri) gatnaşdy.
Üç günüň dowamynda gatnaşyjylar tejribe alyşdylar we milli hereketler meýilnamalarynyň taýýarlanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ünsüň esasy ugurlary şulardan ybarat boldy:
• “Ýaşyl” ykdysadyýetde iş bilen üpjünçiliginiň täze mümkinçiliklerini döretmek.
• Durnukly kärler üçin işgärleri täzeden taýýarlamak we kämilleşdirmek.
• Durnukly ösüş ýörelgelerini milli bilim ulgamlaryna integrirlemek.
Türkmenistanyň wekiliýeti adam maýasyny ösdürmek hem-de ýurdumyzda ekologiýa we tehnologiýa özgertmelerini amala aşyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak babatyndaky öz tejribesini hödürledi.
Maksatnama tamamlanandan soň gatnaşyjylara şahadatnamalar, şol sanda maglumatlaryň açyklygyny we goraglylygyny üpjün edýän blokçein tehnologiýasy arkaly berilýän sanly şahadatnamalar gowşuryldy.
ORIENT








