HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýadan ilkinji ýük otlusy Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçip Eýrana bilen bardy

Noýabr 09, 2025 | 13:50 |19218
RF-den ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan we Gazagystandan üstaşyr geçip, şenbe güni Eýrana köp mukdarda harytlary eltdiRF-den ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan we Gazagystandan üstaşyr geçip, şenbe güni Eýrana köp mukdarda harytlary eltdi
Çeşme: IRNA

RF-den ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan we Gazagystandan üstaşyr geçip, şenbe güni Eýrana köp mukdarda harytlary eltdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň habarlar gullugy (IRNA) muny “logistika ulgamyndaky öňegidişlik” diýip atlandyrdy. Otlynyň düzüminde 62 sany kyrk futlyk konteýner girdi. Ýüküň esasy bölegi kagyz, sulfat sellýulozasy we beýleki kagyz önümlerinden ybarat boldy.

Otlyözüniň 900 kilometrlik ýoluny Moskwanyň demirgazygyndan ugur aldy. Ol Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçip, Inçe Borun serhet nokadynyň üsti bilen Eýrana girdi.

Tähranyň golaýyndaky Aprin gury ýer portuna bardy. Otly tutuş ýoly takmynan 12 günde geçdi. Aprin – bu döwrebap multimodal logistika merkezidir. Ol Eýranyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän bu Eýranyň iň uly logistika taslamalarynyň biridir. Onuň maý aýynda işe girizilmegine garamazdan, ol eýýäm ýuwaş-ýuwaşdan meýilnamalaşdyrylan ýük görkezijilerine ýetýär.

Käbirleri Eýrana, käbirleri bolsa Yraga niýetlenen bu üstünlikli ýük gatnawy bir gezeklik ýük gatnawy däldir, ol Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädim bolup durýar. Bu Russiýa, Eýran we goňşy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda yzygiderli demir ýol gatnawynyň başlangyjyny alamatlandyrýar.

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasynyň bir bölegi bolan bu ugruň ösdürilmegi Demirgazyk Ýewropanyň, Russiýanyň, Hazarýaka sebitiniň, Eýranyň we Hindistanyň arasynda söwda üçin Sues kanaly ýaly däp bolan deňiz ýollaryna has netijeli we çalt alternatiwa döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan gadymy söwda ýolundaky häzirki zaman halkara logistika merkezi hökmünde tanalýar. Ýurt milli ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň binýadyny goýmak bilen ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek üçin geostrategik artykmaçlyklaryndan peýdalanýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag we logistika mümkinçilikleri ep-esli giňeldi. Turba geçiriji ulag, ilkinji nobatda, multimodal eltip beriş ulgamlarynda möhüm halka bolup durýar. Şeýlelikde häzirki wagtda gaz daşary ýurtly sarp edijilere, häzirki wagtda esasy sarp ediji Hytaýa, şeýle hem içerki gazy gaýtadan işleýän zawodlara we elektrik stansiýalaryna daşalýar.

Türkmenistan ösen ýol-ulag infrastrukturasyna eýedir we ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän täze ýollary işjeň ýagdaýda gurluşygyny alyp barýar. Bu geçelgeleri Özbegistan, Azerbaýjan, Eýran we beýleki ýurtlar üstaşyr geçmek üçin ýygy-ýygydan ulanýar.

Deňiz ulaglary ýükleri Hazar deňziniň üsti bilen gönüden-göni eltmäge mümkinçilik berýär, bu ýerde Türkmebaşy halkara deňiz porty möhüm orny eýeleýär. Howa gatnawy hem içerki we halkara ugurlarda ýolagçy we ýük daşamakda möhüm orna eýedir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026