HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Russiýada geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdy

Noýabr 10, 2025 | 13:31 |15524
6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä dünýäniň 7 ýurdundan 3 müň adam gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek, ylmy barlaglaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça alymlaryň, döwlet gullukçylarynyň we telekeçilik ulgamynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşyldy, şeýle hem ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, ylym bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipler işlenip düzüldi.

«Döwlet dolandyryşyň ählumumy ösüş ugurlary hem-de iň gowy tejribeleri» atly umumy mejlisde çykyş etmek bilen, A.Annamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol öz çykyşynda ýurtda ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hünärini kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilendigini nygtady.

1

7-nji noýabrda A.Annamyradow bilen Russiýanyň Prezident akademiýasynyň rektory A.Komissarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Hereket edýän hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet gullukçylarynyň we işgär ätiýaçlyklarynyň goşmaça hünär bilimi boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026