HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Keychron Q1 HE Copper Edition-i hödürledi: arassa misden taýýarlanan korpusly klawiatura

Noýabr 09, 2025 | 15:00 |14500
Keychron kompaniýasy öziniň flagman simsiz klawiaturasynyň çäkli sanynda çykarylan premium wersiýasyny — Q1 HE Copper Edition-y hödürlediKeychron kompaniýasy öziniň flagman simsiz klawiaturasynyň çäkli sanynda çykarylan premium wersiýasyny — Q1 HE Copper Edition-y hödürledi
Çeşme: Keychron

Keychron kompaniýasy öziniň flagman simsiz klawiaturasynyň çäkli sanynda çykarylan premium wersiýasyny — Q1 HE Copper Edition-y hödürledi. Täze modeliň iň esasy aýratynlygy — arassa misden CNC enjamynda tekiz oýlan bir bölekden taýýarlanan korpusydyr. Bu klawiaturany sarp edijiler üçin elýeterli pudagdaky iň agyr modelleriň birine öwürdi. Onuň bahasy bolsa esasy model bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlanyp, $499-a ýetdi.

Keychron Q1 HE Copper Edition meşhur 75% ölçeginde ýerine ýetirilip, mis korpus we gara-mis stilindäki iki toplum klawişa gapjagy bilen bezelip, premium derejesini görkezýär.

• Material we agram: Bir bölek arassa mis korpus enjamyň agramyny 4 kg çenli artdyrdy.

• Baglanyşyk: Klawiatura 2.4 GHz, Bluetooth 5.2 we USB Type-C arkaly üç görnüşli birleşmegi goldaýar.

• Batareýa: 4000 mA·s batareýa 100 sagada çenli özbaşdak işlemegi üpjün edýär.

• Goşmaça: Programmirlenýän ses dolandyryjy rolik we atlawly stabilizatorlar bar.

Klawiatura TMR magnitorezistiw datçikleri ulanyp, flagman oýun funksiýalaryny saklapdyr:

• Snap Tap we Rapid Trigger: Kiber­sport üçin möhüm bolan tehnologiýalar, klawişleriň fiziki basyşsyz bada-bat işlemegini üpjün edýär.

• Dynamic Keystroke (DKS): Klawişleriň hereketlenme nokatlaryny islege görä sazlamaga mümkinçilik berýär.

Enjam QMK firmware-de işleýär we Keychron Launcher programmasyny goldaýar. Onuň arkaly trigger sazlamalary, analog funksiýalary, makroslary we korpusyň aşagyndaky RGB yşyklandyrmasyny dolandyrmak bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026