HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda hepdäniň bäş möhüm wakalary

Noýabr 08, 2025 | 18:50 |12466
Bu hepdede Hytaý Russiýa bilen gatnaşygy berkitmäge, ABŞ bilen söwda gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga hem-de iri halkara CIIE sergisini geçirmäge ünsüni jemlediBu hepdede Hytaý Russiýa bilen gatnaşygy berkitmäge, ABŞ bilen söwda gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga hem-de iri halkara CIIE sergisini geçirmäge ünsüni jemledi
Çeşme: substack.com

1–7-nji noýabr aralygynda Hytaýyň halkara işjeňligi ýokary derejesine ýetdi HHR-iň Başlygy Si Szinpin Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşyp, köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça gepleşikleri geçirdi. Şol bir wagtda ýurt Şanhaýda geçirilen Halkara Import Sergisinde (CIIE) açyk ykdysady integrasiýany dowam etdirýändigini aýtdy hem-de ABŞ bilen gatnaşyklary durnuklaşdyrmak boýunça ädimler ätdi. Mundan başga-da Hytaý iň iri antarktika ekspedisiýasyny iberdi we Estoniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi.

1. Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegi

HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de Döwlet Geňeşiniň premýeri Li Sýan 3–4-nji noýabrda Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň maksady ösüş strategiýalarynyň sazlaşygyny güýçlendirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy. Hançžou şäherinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça gümrük hyzmaty we hemra nawigasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekildi.

2. Hytaýyň Halkara Import Sergisi (CIIE)

5-nji noýabrda ýokary derejede açylan 8-nji CIIE sergisinde Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan Hytaýyň ýokary hilli ykdysady ösüşi we dünýä giňişligine açyklygyny dowam etdirýändigini nygtady. Ol 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň ykdysady möçberiniň 23,8 trillion dollardan geçjekdigini aýtdy. Serginiň çäklerinde Li Sýan Gruziýnyň, Serbiýanyň hökümet baştutanlary we Nigeriýanyň parlamentiniň spikeri bilen duşuşyklary geçirdi.

3. ABŞ bilen söwda gatnaşyklarynyň durnuklaşdyrylmagy

Si Szinpin bilen Donald Trampyň 30-njy oktýabrdaky duşuşygyndan soň, iki ýurt söwda gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmak boýunça anyk çäreleri görmäge başlady.

1-nji noýabrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp täze ykdysady we söwda ylalaşygynyň taýýarlanýandygyny aýtdy.

5-nji noýabrda Hytaýyň Söwda ministrligi ABŞ-nyň 15 kompaniýasy üçin eksport gözegçiligini ýatyrýandygyny, ýene 16 kompaniýa degişli çäklendirmeleri bir ýyl möhlet bilen togtadýandygyny habar berdi.

4. Estoniýanyň daşary işler ministriniň sapary

4-nji noýabrda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Estoniýanyň daşary işler ministri Margus Sahkna bilen duşuşyk geçirdi. Bu soňky on ýylda ilkinji şeýle derejedäki sapar boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, sebit we halkara meselelerini, şol sanda Ukrainadaky ýagdaýy we Hytaýyň Taýwan baradaky garaýşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Estoniýa "Bir Hytaý" syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady.

5. 42-nji Antarktika ekspedisiýasynyň başlangyjy

1-nji noýabrda Şanhaý şäherinden Hytaýyň 42-nji antarktika ekspedisiýasy ýola çykdy. 500-den gowrak alymlardan we hünärmenlerden (10+ ýurtlardan) ybarat topar buz gatlagynyň aşagyndaky kölleriň gözlegini, polýar sebitde täze barlaglary, şeýle hem "Sinlin" stansiýasynda dikeldilýän energiýa ulgamlaryny synagdan geçirer. Ekspedisiýa täze “Gar barsy” atly ýöriteleşdirilen ulag enjamlaryny hem synagdan geçirer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026