Aşgabat we Waşington dialog üçin ykdysady sudury kesgitlediler


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Waşingtona iş saparynyň çäginde birnäçe ýokary derejeli ykdysady çäreler, şol sanda “C5+1” formatyndaky işewürlik maslahaty we Türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi.
“C5+1” işewürlik formatynyň strategiýasy: ýaşyl standartlar we innowasiýalar
“C5+1” formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde işewürlik maslahatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň umumy ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow forumda çykyş edip, duşuşygyň meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmegi alamatlandyrýandygyny, bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur maliýe, guramaçylyk, tehniki we beýleki serişdeleri herekete getirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.
Öňdebaryjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, emeli aň, “ýaşyl” standartlar, energetika, ulag ulgamlary ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Ugurdaş mejlisler sebitleriň arasynda integrirlenen we bäsdeşlige ukyply logistika ulgamyny döretmäge, şeýle hem maliýe we energetika pudaklarynda emeli aňyň ornaşdyrylmagyna gönükdirildi.
Ikitaraplaýyn gün tertibi: energiýadan lukmançylyga çenli
“John Deere”, “General Electric”, “SpaceX”, “Oppenheimer Holdings Inc.” şeýle hem Bütindünýä Banky we Halkara pul gaznasy ýaly degişli düzümleriň wekillerini, ýolbaşçylaryny we dünýäniň işewür toparlaryny bir ýer jemlän Türmen- amerikan işewürler forumyny aýartyn waka boldy.
Forumda “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart çykyş edip, platformanyň wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde möhüm ornuny belledi.
Türkmen tarapy hususy pudagyň daşary ykdysady başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklaýan amatly maýa goýum ýagdaýyny we işewürligi ösdürmek üçin ýeňillikleri beýän etdi.
Ýangyç-energetika toplumyna (döwrebaplaşdyrma, diwersifikasiýa, “ýaşyl” energetika), ýokary tehnologiýalara (kiberhowpsuzlyk we sanlylaşdyrma) we gaýtadan işleýän senagata (dokma we azyk) aýratyn üns berildi.
Forumda görkezilen “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kompaniýasynyň önümleri aýratyn bellenildi. Olar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we ekologik taýdan arassa önümler ulgamyndaky mümkinçiliklerini beýan etdi.
Forumlaryň ikisi hem Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňhukukly, özara peýdaly we geljegi uly hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini tassyklady.
ORIENT








