HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Eýran bilelikdäki söwda zolagyny döretmegi ilerledýärler – Gülüstanda duşuşyk geçirildi

Noýabr 06, 2025 | 19:30 |12864
Eýranyň Gülüstan welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat toparynyň bilelikdäki serhet söwda zolagyny döretmek baradaky ikinji iş duşuşygy geçirildiEýranyň Gülüstan welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat toparynyň bilelikdäki serhet söwda zolagyny döretmek baradaky ikinji iş duşuşygy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň EYR-ndaky Ilçihanasy

Eýranyň Gülüstan welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat toparynyň bilelikdäki serhet söwda zolagyny döretmek baradaky ikinji iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG / ECO) Iş toparynyň çäklerinde geçirildi we serhet ýakasynda söwda bazarynyň gurluşygy bilen bagly amaly meselelere gönükdirildi. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan YHG agza-döwletleriniň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin serhet we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň möhümdigi barada öňden nygtalyp gelýändigini belläp geçdi.

Taraplar dörediljek söwda zolagynda has amatly wiza we gümrük düzgünlerini ýola goýmagyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu taslama pes ösen ýurtlaryň maýa goýmaga taýýarlyk meseleleri jikme-jik işlenilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Eýran tarapynyň bellemegine görä, söwda zolagynyň gurluşygy bilen bir wagtda serhet geçelgesiniň pandemiýa döwründen öňki kuwwatyna doly gaýtarylmagy wajypdyr.

YHG wekilleri bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Gurama agza döwletleri üçin nusgalyk taslamalaryň biri boljakdygyny nygtadylar. Ýakyn wagtda «Altyn Asyr» – «Inçeburun» gümrük-geçiş nokadynda söwda zolagyny döretmek boýunça ylalaşyk taslamasynyň we meýilnamanyň taýýarlanyp, taraplara hödürlenmegine garaşylýar.

Duşuşygyň ahyrynda indiki iş duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek teklip edildi. Serhet söwda zolaklarynyň döredilmegi Türkmenistanyň uzak möhletli başlangyçlarynyň biri bolup durýar. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýolbaşçylary eýran tarapyna «Sarahs – Sarahs» we «Altyn Asyr – Inçeburun» geçelgelerinde şeýle zolaklary döretmek mümkinçiliklerini öwrenmegi-de teklip edipdi. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky serhetde 4 sany gözegçilik-geçiriş nokady işleýär: «Altyn Asyr» – «Inçeburun» Balkan welaýatynyň we Eýranyň Gülüstan welaýatynyň serhedinde, «Sarahs» – «Sarahs», «Artyk» – «Lütfabat» we «Gaudan» – «Bajgiran» bolsa Ahal welaýatynyň Horasan Rezawi welaýatynyň serhedinde ýerleşýändir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026