Bütindünýä banky Turkmenistanda bilim esasly ykdysadyýete geçmek maksady bilen bilim ulgamyndaky özgertmeleri goldar


27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda Bütindünýä bankynyň (BB) ýolbaşçylary we bilermenleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Saparyň maksady — bilim esasly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysady meýilleşdirmäniň, bilimiň, başarnyklaryň we ylmy-barlag işleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ädimleri utgaşdyrmak boldy.
Taraplar milli ileri tutulýan ugurlara we dolandyryş seljermä daýanyp, ykdysadyýetiň, bilimiň hem-de ylmy-barlag işleriniň (YB) arasyndaky baglanyşygy güýçlendirjek iki taraplaýyn arhitekturany döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şulary öz içine alýar:
• Bilim netijelerini gowulandyrmak we başarnyklaryň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklylugyny ýokarlandyrmak üçin BB-nyň usullaryny (SABER we STEP ýaly) ornaşdyrmak;
• Ýokary we hünär bilimi üçin karar kabul etmegi goldaýan utgaşdyrylan platformanyň synag taslamasyna taýýarlyk görmek. Bu platforma talyplar baradaky maglumatlary, zähmet bazary baradaky maglumatlary hem-de YB işleriniň iş proseslerini birleşdirer.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, bu ädimleriň durmuşa geçirilmegi maglumatlara esaslanýan bilim dolandyryşyna geçişi çaltlaşdyrar, okuw maksatnamalarynyň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklylygyny güýçlendirer we uniwersitetleriň amaly ylmy barlaglardaky ornuny ýokarlandyrar. Şeýle hem bu çäreler netijeliligi ölçemek işini institusional derejede ornaşdyrmaga mümkinçilik berer — okuw üstünliklerinden başlap, uçurymlaryň işe ýerleşmegine we tehnologiýa transferiniň görkezijilerine çenli.
Taraplar mundan beýläk-de işleri dowam etdirmek, şol sanda BB-nyň bilim toplumyny (knowledge package) hödürlemek, tehniki sessiýalary geçirmek we synag taslamanyň ölçeglerini sazlamak üçin bilelikdäki seljeriş işleriniň (ASA) amala aşyrylmagy barada ylalaşdylar.
ORIENT








