HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Noýabr 06, 2025 | 22:00 |12010
6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda, beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda, beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň tarapyndan berlen

6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda, beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara, Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnaldy.

06112025-turksoy-1.jpg

Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjy-şahyrlar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň ömri hem-de döredijiligi baradaky kitap türkolog alym, türki edebiýatynyň bilermeni doktor Soner Saglam tarapyndan taýýarlanylyp neşir edildi. Bu eser türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny türki dünýäsinde beýan etmekde möhüm goşant boldy.

06112025-turksoy-2.jpg

Çärede çykyş edenler, Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň umumy türki ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini hem-de taryhy we medeni kökleri umumy bolan halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy baýramçylyk ruhunda geçip, Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky netijeli medeni hyzmatdaşlygyň ýene bir nyşany boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026