HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýäniň Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Noýabr 06, 2025 | 16:10 |49396
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi6-njy noýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan berlen

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellediler.

Mundan başga-da, duşuşykda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ýokary derejeli halkara forumyna Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy meselesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026