HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Google» täze stilde: «Gemini» emeli aň programmasynyň yzysüre «Google Kartalaryň» we «Google Fotonyň» şekli üýtgeýär

Noýabr 05, 2025 | 16:00 |12865
«Google» öz önümleriniň wizual stilini giň gerimde täzeläp, «Gemini» emeli aň (AI) ulgamynyň integrasiýasyny has-da öňe sürýär«Google» öz önümleriniň wizual stilini giň gerimde täzeläp, «Gemini» emeli aň (AI) ulgamynyň integrasiýasyny has-da öňe sürýär
Çeşme: 9to5google

«Google» öz önümleriniň wizual stilini giň gerimde täzeläp, «Gemini» emeli aň (AI) ulgamynyň integrasiýasyny has-da öňe sürýär. Baş logotipiň we «Gemini» programmasynyň nyşanynyň üýtgedilmeginden soň, kompaniýa indi meşhur hyzmatlarynyň — «Google Fotonyň» we «Google Kartalaryň» üçin täze gradientli (reňk utgaşykly) logotipleri tanyşdyrmaga taýýarlanýar.

Täze nyşanlar «Google» kompaniýasynyň däp bolan dört reňkine (gyzyl, sary, ýaşyl, gök) esaslanýar, ýöne indi bu reňkler gradient geçişleri arkaly birleşdirilýär. Kompaniýanyň beýannamasynda bellenilişine görä, has ýiti we öwüşginli reňk sazlaşygy «emeli aň bilen baglanyşykly innowasiýa we döredijilik energiýasynyň joşgunyny» alamatlandyrýar.

Täze logotipleriň şekilleri eýýäm internetde peýda boldy:

«Google Kartalar»: Logotip nawigasiýa nyşany ýerleşdirilen öňki meşhur formasyny saklaýar, ýöne ol has inçelipdir, onuň içindäki tegelek bolsa ep-esli ulaldylypdyr. Bu üýtgeşmeler «Gemini» emeli aň goşundysynyň täze mümkinçilikleri bilen baglanyşykly — ol ulanyjylara gyzykly ýerleriň sanawyny düzmäge we ugurlary taýýarlamaga kömek edýär.

«Google Foto»: Logotip öňki görnüşini saklaýar, emma onuň ähli gurluşy indi merkezden daşyna geçýän gradient effektine esaslanýar. Kiçeldilen görnüşde logotip has doýgun görünýär, ulaldylanda bolsa onuň içki bölegi has açyk öwüşginde ggöze ilýär.

«Google» täze logotipleri ýakyn günlerde mobil programmalarda we web hyzmatlarynda ornaşdyrar. Şeýdip kompaniýa öz brendiniň wizual birmeňzeşligini (bir görnüşliligini) doly tamamlamagy maksat edinýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026