HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmekçi: Marko Rubio sebite saparyny yglan etdi

Noýabr 06, 2025 | 16:05 |12824
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar bilen barmagy meýilleşdirýändigini mälim etdiABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar bilen barmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi
Çeşme: reuters.com

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar bilen barmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada ol ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyk wagtynda habar berdi.

Rubionyň aýtmagyna görä, ABŞ bilen sebitiň ýurtlarynyň bähbitleri tebigy baýlyklardan durnukly we jogapkärli peýdalanmak meselesinde deň gelýär. «Siz Hudaýyň size beren baýlyklaryny ykdysadyýetleriňizi diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjek ösüş üçin ulanmak isleýärsiňiz. Biz bu tagallalary goldamaga taýýar» - diýip, ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Rubio gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenmegi üçin hut özi ähli bäş ýurda baryp görjekdigini nygtady. Penşenbe güni Waşingtonda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygy geçiriler. Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk, hususan-da seýrek ýer metallarynyň we beýleki serişdeleriň çykarylyşynyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, sebitiň ýolbaşçylarynyň Waşingtona çagyrylmagynyň prezident Trampyň şahsy başlangyjy bolup, ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ol ýakynda ABŞ-niň Hindistandaky ilçisi we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Seržio Gor bilen bilelikde Gazagystana we Özbegistana sapar amala aşyryp, sammitde hödürlenjek ylalaşyklary taýýarlapdyr.

«Hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakykatdanam täsirli — işewürlikde-de, tehnologiýalarda-da, energetika ulgamynda-da» - diýip, Landau aýtdy.

Mundan başga-da, senator Jeýms Riş ABŞ-nyň bazar ykdysadyýeti ýörelgelerine esaslanmaýan ykdysadyýeti bolan ýurtlar bilen söwda çäklendirmelerini öz içine alýan Jekson–Wenik düzedişini ýatyrmak boýunça kanun taslamasyny Kongrese hödürlejekdigini mälim etdi.

Şeýlelikde, Waşington baý çig mal we energetika mümkinçiliklerine eýe bolan, Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän täze ulag we ykdysady gatnaşyklarynyň emele gelmegine möhüm orun tutýan sebitde öz gatnaşygyny güýçlendirmekçi bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026