Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Owganystandaky çagalara ynsanperwer kömegini iberer


5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Esasy üns Gaznanyň işini, onuň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirildi.
Mejlisde gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryna garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň dolandyryş ulgamyny we ygtyýarlyklary bermegiň tertibini pugtalandyrýan, şeýle hem onuň uzak möhletleýin we netijeli işlemegini üpjün edýän Karara gol çekdi.
Gaznanyň Tertipnamasyna girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, institutsional durnuklylygy maksat edinýän täze dolandyryş ulgamy göz öňünde tutulýar. Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysy gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň — wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýüklemäge ygtyýarlydyr. Şeýle hem Esaslandyryjy gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýär we öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýär.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ynsanperwerlik işleri barada hasabat berdi. Gazna häzirki döwre çenli tutuş ýurt boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalary geçirdi we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileri amala aşyrdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi we 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, bu işler – döwletiň saglygyny dikeltmäge mätäç çagalara edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.
Halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň çäklerinde gazna mart aýynda halkara maslahatyny geçirdi, onuň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gaznanyň müdiriýeti ýakynda bolan betbagtçylykly ýer titremesinden ejir çeken goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini bermek kararyna geldi. Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk owgan halkyna, esasan hem çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermek barada görkezme berdi.
ORIENT








