HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen hukugyň hökmürowanlygy boýunça Milli foruma gatnaşdy

Noýabr 05, 2025 | 15:40 |11726
Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary Batyr Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen hukugyň hökmürowanlygy boýunça 11-nji Milli forumynyň işine gatnaşdy. Forum döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň adalat ministrlikleriniň, halkara guramalaryň, ylmy hem-de raýat jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýerde jemlediTürkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary Batyr Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen hukugyň hökmürowanlygy boýunça 11-nji Milli forumynyň işine gatnaşdy. Forum döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň adalat ministrlikleriniň, halkara guramalaryň, ylmy hem-de raýat jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýerde jemledi
Çeşme: tajikistan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary Batyr Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen hukugyň hökmürowanlygy boýunça 11-nji Milli forumynyň işine gatnaşdy. Forum döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň adalat ministrlikleriniň, halkara guramalaryň, ylmy hem-de raýat jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýerde jemledi.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen esasy meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Diňlenilen temalaryň merkezinde adalate elýeterliligi üpjün etmek, adam hukuklarynyň konstitusion kepilliklerini durmuşa geçirmek, raýat we telekeçilik kanunçylygyny ösdürmek, şeýle hem häzirki zaman jenaýat-hukuk syýasatyny kemala getirmek meseleleri boldy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar hukugyň hökmürowanlygyny berkitmäge päsgel berýän hukuk we institusional böwetleri aradan aýyrmak meselelerine hem-de kanunçylyk ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribesi bilen paýlaşmaga aýratyn üns berdiler.

05112025-turkmenistan-forum-verhovenstvo-zakona-dushanbe (2).jpg

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekili ýurdumyzyň hukuklaryň hökmürowanlygyny berjaý etmek ýörelgelerine ygrarlydygyny, milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem-de kazyýet-hukuk ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyny belledi. Şeýle hem hukuk binýadyny berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny goramakda we häzirki zaman hukuk medeniýetini kemala getirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026