HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Minskdäki Ilçihanasynda BDU-nyň filologiýa fakultetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi

Noýabr 05, 2025 | 20:00 |12217
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýaty bolan we Belarus Döwlet Uniwersitetiniň (BDU) filologiýa fakultetinde ýokary derejeli bilim alýan talyplar bilen çuň manyly duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýaty bolan we Belarus Döwlet Uniwersitetiniň (BDU) filologiýa fakultetinde ýokary derejeli bilim alýan talyplar bilen çuň manyly duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýaty bolan we Belarus Döwlet Uniwersitetiniň (BDU) filologiýa fakultetinde ýokary derejeli bilim alýan talyplar bilen çuň manyly duşuşyk geçirdi. Çäräniň esasy mazmuny Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

posolstvo-belarus-bgu-studenty (6).jpg

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew geljekki filolog hünärmenleri mähirli garşy aldy. Diplomat Türkmenistanyň Bitaraplygynyň milli özboluşlylygyň özenine öwrülendigini, şeýle hem sebitleýin dialogy ösdürmekde we durnuklylygy berkitmekde netijeli gural bolup çykyş edýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bilim, ylym we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ugrundaky başlangyçlarynyň ynanyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny, munuň hem Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini nygtady.

posolstvo-belarus-bgu-studenty (1).jpg

Saýlap alan hünär ugurlary milli medeni aýratynlyk bilen berk baglanyşykly bolan talyp ýaşlaryň milli mirasa täzeçe garaýyş bilen çemeleşip bilmegi üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy. Ilçihananyň gyş bagynda ýerleşdirilen ýörite fotosergide gadymy taryhy ýadygärliklerden başlap, ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşini alamatlandyrýan beýik binagärlik nusgalaryna çenli dürli ekspozisiýalar görkezildi.

posolstvo-belarus-bgu-studenty (4).jpg

Şeýle hem häzirki zaman Türkmenistanyň kuwwatyny, öz däplerine we ruhy gymmatlyklaryna wepalylygyny, geljege ynam bilen gadam basýandygyny aýdyň görkezýän wideo görkezildi. Görkezilen wideo şekiller ýaş türkmenistanlylarda uly seslenme we buýsanç duýgusyny döredetdi.

яяя-posolstvo-belarus-bgu-studenty (3).jpg

Ilçi Şagulyýew talyplar bilen öwüt-nesihat görnüşindäki duşuşygy dowam etdirip, watansöýüjilik, şahsyýet we hünär taýdan kämilleşmek, şeýle hem halkara derejesinde Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmaga ukyply, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda raýat jogapkärçiliginiň möhüm orny barada gürrüň açdy.

posolstvo-belarus-bgu-studenty (2).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026