HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Operatiw ýat gurluşlarynyň bahasy altyndan hem çalt gymmatlaýar: DRAM çipleriniň bahasy bir ýylda 171% ýokarlandy

Noýabr 06, 2025 | 11:45 |560
DRAM çipleriniň şertnamalardaky bahalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 171,8% ýokarlandy.DRAM çipleriniň şertnamalardaky bahalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 171,8% ýokarlandy.
Çeşme: Surat: skystairstea

2025-nji ýylda operatiw ýat gurluşlarynyň (RAM) bazarynda bahalar örän çalt ýokarlanýar. «Commercial Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, DRAM çipleriniň şertnamalardaky bahalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 171,8% ýokarlandy. Bu ösüşiň esasy sebäbi hökmünde hünärmenler emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegini we operatiw ýat gurluşlaryna bolan islegiň öň görlüp-eşidilmedik derejede artmagyny görkezýärler diýip, 3dnews.ru saýty habar berýär. «Adata» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Çen Libaýyň (Chen Libai) sözlerine görä, 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde DRAM bazarynda bahalar dowamly ýokarlanar. Şeýle hem ol 2026-njy ýylda bu ugurda ýat gurluşlarynyň ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljekdigini çaklaýar. Gymmatlama diňe operatiw ýat gurluşlary däl, eýsem, beýleki ýat bilen bagly enjamlary hem öz içine alýar. NAND flesş-ýatlaryň we hatda gaty diskleriň (HDD) bahalarynyň ýokarlanmagy hem emeli aň ulgamlary üçin serwer öndürijileriniň artýan islegi bilen gönüden-göni bagly. Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki bahalaryň ýokarlanma tendensiýasy azyndan ýene dört ýyl dowam eder. Bu bolsa elektronika hem-de IT infrastrukturasy bazarlaryna düýpli täsir ýetirip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026