HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda geçen hepdäniň bäş möhüm wakasy

Noýabr 03, 2025 | 19:20 |11636
Geçen hepde (25–31-nji oktýabr) Hytaý diplomatiýasy möhüm üstünlikler bilen tapawutlandy: liderleriň duşuşygyndan soň, ABŞ bilen aradaky nyrh jedelleri ýumşadyldy, ASEAN bilen täze şertnama gol çekildi, APEC sammitinde AI hyzmatdaşlygy boýunça täze gurama teklip edildi we 15-nji bäşýyllyk meýilnama boýunça maksatlar yglan edildiGeçen hepde (25–31-nji oktýabr) Hytaý diplomatiýasy möhüm üstünlikler bilen tapawutlandy: liderleriň duşuşygyndan soň, ABŞ bilen aradaky nyrh jedelleri ýumşadyldy, ASEAN bilen täze şertnama gol çekildi, APEC sammitinde AI hyzmatdaşlygy boýunça täze gurama teklip edildi we 15-nji bäşýyllyk meýilnama boýunça maksatlar yglan edildi
Çeşme: substack.com

Geçen hepde (25–31-nji oktýabr) Hytaý diplomatiýasy möhüm üstünlikler bilen tapawutlandy: liderleriň duşuşygyndan soň, ABŞ bilen aradaky nyrh jedelleri ýumşadyldy, ASEAN bilen täze şertnama gol çekildi, APEC sammitinde AI hyzmatdaşlygy boýunça täze gurama teklip edildi we 15-nji bäşýyllyk meýilnama boýunça maksatlar yglan edildi.

1. Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda nyrhlarynyň ýumşadylmagy

30-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde geçirilen duşuşykda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp söwda gatnaşyklaryndaky dartgynlylygy peseltmek boýunça ylalaşyk gazandylar.

ABŞ 10% salgydy ýatyrmagy we Hytaýa garşy 24% özara salgytlaryny bir ýyl möhlet bilen togtatmagy kabul etdi. Hytaý hem jogap çärelerini sazlar. Bu duşuşyk döwlet ýolbaşçylarynyň diplomatiýasynyň gatnaşyklaryň durnuklylygyny üpjün edýändigini görkezdi.

2. APEC sammitinde Hytaýyň teklipleri: BEAHG-niň döredilmegi

APEC ykdysadyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda Başlyk Si Szinpin Aziýa-Ýuwaş ummany jemgyýetini döretmek we inklýuziw globalizasiýany ilerletmek boýunça bäş maddaly teklibi hödürledi.

Hytaý köp taraplaýyn söwda ulgamyny goldamaga we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge çagyrdy. Iň möhüm başlangyç — Bütindünýä emeli aň hyzmatdaşlyk Guramasynyň (BSGAI) döredilmegini goldamak boldy.

3. Günorta Koreýa bilen strategiki hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň 11 ýyldan soň Günorta Koreýa döwletine amala aşyran resmi sapary iki ýurduň arasynda özara ynanyşmagy berkitmäge gönükdirildi.

Saparyň dowamynda 7 ähtnama gol çekildi. Taraplar erkin söwda hakyndaky Ylalaşygyň 2-nji tapgyry boýunça gepleşikleri tizleşdirmäge, walýuta alyş-çalyş ulgamyny dikeltmäge we internet galplygyna garşy hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdylar.

4. ASEAN bilen erkin söwda hakyndaky döwrebaplaşdyrylan ylalaşyga (CAFTA 3.0) gol çekilmegi

28-nji oktýabrda Hytaý bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birleşiginiň (ASEAN) arasynda döwrebaplaşdyrylan Erkin Söwda Ylalaşygyna — CAFTA 3.0 — gol çekildi.

Täze ylalaşygyň sebitiň ykdysady kuwwatyny artdyryp, Hytaý bilen ASEAN ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny 771 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip garaşylýar.

5. Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasy boýunça düşündirişleriň çap edilmegi

HKP-niň Merkezi Komitetiniň resmi žurnaly “Sýuşi” 15-nji bäşýyllyk milli ösüş meýilnamasynyň taýýarlanyşyna degişli giňişleýin düşündirişi çap etdi.

HKP-niň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin tarapyndan taýýarlanan resminamada ýurduň täze döwür üçin esasy ykdysady we jemgyýetçilik ösüş maksatlary beýan edilýär, ýokary hilli ösüşe aýratyn üns berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026