Türkmenistan Dohada geçirilen BMG-niň Sammitinde: Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Jarnama kabul edildi


Doha şäherinde (Katar Döwleti) 4 – 6-njy noýabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti geçirilýär. Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri Mämmetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bu ählumumy forumyň işine işjeň gatnaşýar.
Sammit 40-dan gowrak döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem 14 müňden gowrak bilermenleri we raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemledi.
Eýýän sişenbe güni dünýä liderleri has adalatly we inkluziw jemgyýeti gurmak boýunça umumy ählumumy borçnamany tassyklaýan Doha syýasy jarnamasyny kabul etdiler.

Sammitiň birinji gününiň ahyrynda kabul edilen resminama hökümetleriň garyplyga garşy göreşmek, mynasyp iş orunlaryny döretmek, durmuş goragyň elýeterliligini giňeltmek we kemsitmelere garşy göreşmek boýunça bilelikdäki borçnamasydyr.
Resminamada jemgyýetçilik ösüşiniň diňe ahlak taýdan zerur däl, eýsem parahatçylygyň, durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň zerur şertidigi nygtalýar.
Türkmenistan wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatyň gün tertibinde Türkmenistanyň milli syýasatyna gönüden-göni degişli meseleler: gender deňligini üpjün etmek, jemgyýetçilik adalaty ösdürmek, her bir adama laýyk zähmet üpjünçiligi we hemmeler üçin durmuş goraglylyk barada pikir alyşmalar bar.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş Doha Jarnamasyny “adamlar üçin meýilnama” we “ösüş üçin itergi” diýip atlandyrdy. Şeýle-de bolsa, ol Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrundaky öňegidişligiň gaty haýal gidýändigini belledi. BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlaryň ösüş we howa başlangyçlaryna maliýeleşdirmesine elýeterliligini üpjün etmek üçin ählumumy maliýe arhitekturasyny gyssagly özgertmäge çagyrdy.
Jarnamada şeýle hem demografik, tehnologik we ekologik üýtgeşmeleriniň jemgyýete edýän täsirine aýratyn üns berilýär we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin gyssagly çäreleriň görülmegine çagyrylýar.
“Doha syýasy jarnamasyna esaslanyp, geliň, adamzadyň garaşýan we mynasyp bolan batyrgaý gün tertibini durmuşa geçireliň” – diýip, Antonio Guterreş çagyrdy.
BMG-niň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistan bu äglumumy derejede ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmäge goşant goşmagyny dowam etdirer.
ORIENT








