HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan ABŞ raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Noýabr 05, 2025 | 18:30 |12881
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ raýatlary üçin Özbegistana 30 güne çenli wizasyz girmek mümkinçiligi döredilýär.2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ raýatlary üçin Özbegistana 30 güne çenli wizasyz girmek mümkinçiligi döredilýär.
Çeşme: gazeta.uz

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ raýatlary üçin Özbegistana 30 güne çenli wizasyz girmek mümkinçiligi döredilýär. Bu çäre 3-nji noýabrda Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen karara laýyklykda amala aşyrylýar.

Täze düzgünleriň maksady hökmünde iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şeýle hem syýahatçylygyň has-da ösdürilmegi görkezilýär.

2021-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň (we birnäçe beýleki ýurtlaryň) 55 ýaşdan ýokary bolan, syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana gelýän raýatlary üçin 30 güne çenli wizasyz düzgün hereket edýär.

ABŞ raýatlary üçin doly wizasyz tertibi girizmek baradaky meýilnamalar şu ýylyň 15-nji maýynda çykan, ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny ep-esli artdyrmak baradaky prezidentiň kararynda hem beýan edilipdi.

Şol resminamada Özbegistanyň daşary işler ministrligine özbegistanly raýatlaryň ABŞ-a girişiniň wizasy bilen baglanyşykly talaplary ýeňilleşdirmek boýunça ABŞ bilen gepleşikleri başlamak tabşyrylypdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026