ÝUNESKO 15-nji dekabry Bütindünýä türki dilleri maşgalasynyň güni hökmünde yglan etdi


Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynda taryhy karar kabul edildi: 15-nji dekabr Bütindünýä türki dilleriniň maşgalasynyň güni diýlip yglan edildi. Bu baýramçylyk her ýyl bellenilip geçiler we türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birliginiň halkara derejesinde ykrar edilmegini alamatlandyrar.
Bu güni döretmek başlangyjy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan öňe sürüldi we giň halkara goldawyna eýe boldy. Türkiýäniň ÝUNESKO-daky Hemişelik wekili Gülnur Aýbet bu kararyň guramanyň köpdilliligi, medeni dürlüligi we halklaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýändigini belledi.
Bu başlangyjyň awtordaşy bolup Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan çykyş etdi. Resminamany 26 döwlet, şol sanda Türkmenistan hem goldady.
Türki dillerde 200 milliondan gowrak adam gürleýär, olary umumy taryh we medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Bu sene ýöne ýerden saýlanylmady. Ol türki siwilizasiýasynyň taryhyndaky iň möhüm wakalaryň biri bilen baglanyşyklydyr: 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daniýaly alym Wilgelm Tomsen Orhon ýazgylarynyň üstüni açypdyr.
VIII asyra degişli bolan bu ýazgylar türki dilleriniň umumy köklerini açyp görkezýän iň irki ýazuw ýadygärlikleri we baý medeni mirasyň ykrar edilmegini alamatlandyrýar.
ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň çäginde (194 ýurduň wekillerini bir ýere jemleýän) Türki dilleriniň maşgalasynyň güni üçin baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Wengriýanyň ÝUNESKO-daky Hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem alymlar we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türki medeniýeti we mirasy boýunça ilçisiniň we “Turan” etno-folklor toparynyň çykyşlary boldy.
Bu möhüm waka türki siwilizasiýasynyň dünýä medeniýetiniň we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini şöhlelendirýär.
ORIENT








