HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini gutlady

Noýabr 03, 2025 | 04:45 |11660
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlap, olaryň milli özgertmeleri durmuşa geçirmekde we ägirt uly üstünlikleri gazanmakda eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlap, olaryň milli özgertmeleri durmuşa geçirmekde we ägirt uly üstünlikleri gazanmakda eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlap, olaryň milli özgertmeleri durmuşa geçirmekde we ägirt uly üstünlikleri gazanmakda eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen strategiýa laýyklykda, Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hatarynda ynamly orun eýeleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini nygtady. Bu ulgamda zähmet çekýän işgärler döwlet maksatnamalarynyň, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasy hökmünde Aşgabatda we welaýatlarda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri, Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji we ikinji tapgyrlarynyň gurluşygy görkezildi.

Täze desgalaryň ählisinde milli binagärlik däpleriniň hem-de dünýä şähergurluşygy gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmagy aýratyn bellenildi. 2024-nji ýylda «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi, şeýle hem şu ýylda Ahalda keramiki önümler kärhanasynyň we Aşgabatda çüýşe önümleri öndürýän önümhananyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini emele getirýän möhüm pudaklarynda aýratyn durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň iň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrülendigini belledi. Pudakda milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji ulgamy halkara taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Himiýa senagatyna iri maýa goýumlarynyň çekilmegi onuň çalt depginde ösýän ugra öwrülmegini üpjün etdi. Pudagyň kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar: şu ýyl Gyýanlydaky karbamid zawodynyň gurluşygy we polimer zawodynyň düýpli abatlaýyş işleri boýunça resminamalara gol çekildi, şeýle hem Türkmenabatda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy.

Halkara standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabat–Türkmenabat aralygynda uzynlygy 600 kilometre barabar ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy görkezildi.

Gutlagynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026