HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça öňdebaryjy tejribelerini paýlaşýarlar

Oktýabr 31, 2025 | 20:30 |14061
Türkmenistanyň Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF bilelikde çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak boýunça hepdäniň dowamynda okuw maslahatyny geçirdiler.Türkmenistanyň Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF bilelikde çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak boýunça hepdäniň dowamynda okuw maslahatyny geçirdiler.
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

Türkmenistanyň Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF bilelikde çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak boýunça hepdäniň dowamynda okuw maslahatyny geçirdiler. 27–30-njy oktýabry aralygynda geçirilen okuw maslahatlarynyň dowamynda çagalary goramak babatynda mümkinçiligi ösdürmek, olaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, şikaýatlara seretmek we olar boýuça barlag geçirmek boýunça amaly çemeleşmelere aýratyn üns berildi.

Okuw maslahaty Türkiýe Respublikasynyň Ombudsmeniniň institutyndan gelen çagalaryň hukuklary we sosial goldaw boýunça hünärmenler tarapyndan alnyp baryldy. Hünärmenler Türkmenistanda çaganyň gorag ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam berjek netijeli gurallary, kadalaşdyrylan amaly usullary we iň oňat tejribeleri bilen paýlaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar şikaýat etmegiň mehanizmlerini çagalar üçin has elýeterli we amatly etmek, maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmek we çaganyň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlarda pudagara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alyşdylar.

31102025-ombudsmen-unicef-zaschita-detei-turciya (4).jpeg

“Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň we Türkiýe Respublikasynyň Ombudsmeniniň institutynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň möhüm netijesidir. 2025-nji ýylyň maý aýynda ÝUNISEF-iň goldawy bilen gurnalan Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran tejribe alyşma saparynyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň düýbi tutuldy. Biz her bir çaganyň hukuklarynyň doly goralmagy we öňe sürülmegi üçin jogapkär edaralaryň arasynda tejribe alyşmagyň we bilim hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine üns bermegimizi dowam ederis,” diýip, Türkmenistanyňdaky ÝUNISEF-iň wekiliň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýike Beýker aýtdy.

31102025-ombudsmen-unicef-zaschita-detei-turciya (3).jpeg

Okuw maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş işi boýunça hünärmenleri üçin aýratyn sessiýa hem geçirildi. Bu hünärmenler ilatyň durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç toparlary we maşgalalar bilen gönüden-göni işleýän öň hatardaky işgärlerdir.

Olar durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adamlary, şol sanda çagalary ýüze çykarmak, ugrukdyrmak we goldamakdaky möhüm orny barada gürrüň etdiler. Şeýle hem durmuş işi boýunça hünärmenleriň gündelik işinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna garamazdan, dogry çemeleşme we hyzmatdaşlyk bilen nähili uly täsir döredýändikleri bellenildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Adalatçynyň Diwanynyň we durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň her bir çaganyň howpsuz, goldawly we diňlenilýän gurşawda ösmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

31102025-ombudsmen-unicef-zaschita-detei-turciya (1).jpg

“Bu başlangyç Türkmenistanda çagalaryň goragy ulgamyny has-da kämilleşdirmekde we her bir çaganyň hukuklaryny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Türkiýeli kärdeşlerimiziň tejribesi bilen tanyşmak, şeýle hem durmuş işi boýunça hünärmenler we beýleki hyzmatdaşlar bilen ýakyn iş salyşmak bilen, biz şikaýat etmek mehanizmleriniň hem elýeterli, çagalar üçin amatly we netijeli bolmagyny üpjün edýäris. Hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak çagalary goramagyň we olaryň zerurlyklaryna jogap bermegiň ýardamydyr. Biz her bir çaganyň ösmegi, özüni howpsuz we goldawly duýmagy ugrunda zähmet çekmegimizi dowam etdirýäris,” diýip, Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbanazarowa belledi.

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýanyň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň amala aşyrylmagyny we Durnukly ösüş maksatlarynyň öňe gitmegini goldamagyny dowam etdirer. Bu alnyp barylýan işler çaganyň gorag ulgamyny güýçlendirmegi, şol pudagyň edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegini, şeýle hem her bir çaganyň howpsuz, goragly we mümkinçilikli gurşawda kemala gelmegini üpjün etmek üçin tejribe alyşmagy we subutnama esasly çemeleşmeleri ösdürmegi öz içine alýar.

31102025-ombudsmen-unicef-zaschita-detei-turciya (2).jpeg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

14:30 Iýul 27, 2026
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026