HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şawkat Mirziýoýew ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi

Oktýabr 31, 2025 | 11:55 |12308
30-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi30-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi
Çeşme: president.uz

30-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Özbegistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň çäginde amaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

📌 Esasy tezisler:

✅ aýratyn zerurlyklary bolan çagalar üçin inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça ÝUNESKO-nyň Platformasyny döretmek;

✅ bilim ulgamynda halkara dialogy guramak we tejribe alyşmak maksady bilen Bütindünýä hünär bilimi sammitini geçirmek;

✅ Özbegistanda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bilim ulgamyna emeli aňy giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen “Emeli aň – mekdep” atly taslamany durmuşa geçirmek;

✅ ÝUNESKO-nyň howandarlygynda emeli aň etikasy boýunça Halkara bilermenler forumyny geçirmek;

✅ her ýylyň 19-njy noýabryny Halkara resminama mirasy güni hökmünde yglan etmek;

✅ ÝUNESKO-nyň düzüminde Halkara sanly miras institutyny döretmek;

✅ 2027-nji ýylda Buhara şäherinde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunyň çäginde senetçilik we halk döredijiligi boýunça Halkara kongresini geçirmek;

✅ agza-döwletleriň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek, bilim alyşmak hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň zenan öňdebaryjylygy boýunça akademiýany döretmek;

✅ Samarkantda bilim, medeniýet we ylym ulgamyndaky Global zenanlar forumyny geçirmek;

✅ “ÝUNESKO-nyň ekologiýa paýtagty” atly global başlangyjy öňe sürmek – bu başlangyç daşky gurşawa jogapkärli çemeleşýän we “ýaşyl” maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän şäherleri aýratyn ykrar etmegi hem-de sylaglamagy göz öňündetutýar;

✅ “Globalizasiýa we howa üýtgemeleri şertlerinde medeni mirasy goramak boýunça çäreleri güýçlendirmek hakynda” ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň kararnamasyny işläp taýýarlamak;

✅ globalizasiýa we howa üýtgemeleri şertlerinde medeni mirasy goramak boýunça Hywada halkara simpoziumyny geçirmek;

✅ wirtual giňişlikde adalatsyz maglumatlaryň ýaýramagyna, jemgyýetçilik pikirine garşy hilegärlik ulanmak we olaryň kemsidilmegine garşy bilelikde netijeli çäreleri görmek;

✅ ýaş nesliň iň oňat döredijilik işlerini we multimediýa pikirlerini alyşmak maksady bilen Çagalaryň medeni mazmunly halkara festiwalyny geçirmek;

✅ maglumat sowatlylygyny ösdürmek boýunça ÝUNESKO-nyň Toplumlaýyn strategiýasyny işläp taýýarlamak;

✅ Özbegistanda durmuşa geçirilen özboluşly taslamalaryň – Yslam medeniýeti merkeziniň, Imam Buhari, Imam Maturidi, Imam Termizi we Bahauddin Nagyşbendi ylmy merkezleriniň mümkinçiliklerinden bilelikde peýdalanmak.

Maglumat Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hödürlendi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026