Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy açyldy

Oktýabr 30, 2025 | 17:05 |15181
30-njy oktýabrda, Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýanyň 43-nji sessiýasy öz işine başlady. Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule gatnaşdy30-njy oktýabrda, Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýanyň 43-nji sessiýasy öz işine başlady. Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 30-njy oktýabrda, Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýanyň 43-nji sessiýasy öz işine başlady. Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk edýär.

Dünýäniň 193 ýurdundan bäş müňden gowrak gatnaşyjy, döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, alymlar, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynyň ýolbaşçylary medeni dialogy we özara düşünişmäge esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Özbegistanyň taryhy topragynda ýygnandylar.

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Baş Konferensiýanyň 43-nji sessiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hormatly myhmanlaryň arasynda – Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we Slowakiýanyň Prezidenti Peter Pellegrini bardy.

30-njy oktýabrda irden geçirilen Baş Konferensiýanyň dowamynda Baş Konferensiýanyň ýolbaşçysynyň saýlawlary geçirildi, onda Bangladeşiň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we Bangladeşiň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili jenap Hondker Muhammed Talha saýlandy.

Şeýle hem Baş konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO-nyň we onuň hökümetara we halkara maksatnamalarynyň dolandyryş edaralaryna saýlawlar hem geçiriler.

28-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň 14-nji Ýaşlar forumynda howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine garşy göreşmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma takmynan 140 ýurtdan 150-den gowrak ýaş liderler gatnaşdy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy 13-nji noýabra çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026