HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Moldowa çagalaryň goraglylygy ulgamynda we maşgalany goldamakda tejribe alyşdylar

Oktýabr 29, 2025 | 15:50 |12838
20–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde saparda boldy. Wekiliýetiň düzüminde Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy M. Pirliýewa hem bardy20–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde saparda boldy. Wekiliýetiň düzüminde Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy M. Pirliýewa hem bardy
Çeşme: education.gov.tm

20–25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde saparda boldy. Wekiliýetiň düzüminde Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygy M. Pirliýewa hem bardy. Bu tanyşlyk sapary BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan guraldy we çagalaryň hukuklaryny goramak, maşgalany goldamak we durmuş hyzmatlaryny ösdürmek ugrunda tejribe alyşmak maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilatyň durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Baş prokuraturasynyň wekilleri hem goşuldy.

Saparyň esasy maksady çagalaryň hukuklaryny goramak, maşgala hyzmatlaryny ösdürmek we ýerli derejede durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak boldy, aýratyn üns Moldowanyň maşgala terbiýesine geçiş modeli bilen tanyşmak bilen baglanyşyklydy. Bu uzak möhletleýin özgertme her bir çaganyň ýöriteleşdirilen edarada däl-de, maşgala gurşawynda ösmegi üçin niýetlenendir.

Gatnaşyjylar Moldowanyň çagalar üçin institutlaýyn aladadan maşgalalara we jemgyýetçilik hyzmatlaryna geçiş tejribesini, şol sanda maşgalany doly goldamaga gönükdirilen hyzmatlary ösdürmek tejribesini öwrenmek mümkinçiligine eýe boldular.

Sapar mahalynda Türkmenistanyň wekiliýeti Moldowanyň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiň, şäher häkimlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Geçirilen maslahatlaşmalar iki ýurduň arasynda çagalaryň hukuklaryny goramak we jemgyýetçilik hyzmatlaryny ösdürmek uguryndaky netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

KIDS EXPO 2026 sergisinde küşt boýunça dünýäniň çempionlary Türkmenistanyň ýygyndy toparlary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer

14:41 Awgust 17, 2026
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026