HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

NEO öý gumanoidi: elde dolandyrylýan ilkinji “robot-hyzmatkär”

Oktýabr 29, 2025 | 15:30 |14470
«1X Technologies» kompaniýasy antropomorfik kömekçisi NEO üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady«1X Technologies» kompaniýasy antropomorfik kömekçisi NEO üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady
Çeşme: 1X Technologies

«1X Technologies» kompaniýasy antropomorfik kömekçisi NEO üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Öý şertlerinde kömek bermek üçin döredilen bu robot arassalaýar, kir ýuwýar, azyk önümlerini daşaýar we içine ornaşdyrylan dil modeli arkaly gürrüň edip bilýär. Şeýle-de bolsa, The Wall Street Journal-yň bellemegine görä, bu enjamyň esasy aýratynlygy — onuň hemişe adamyň gözegçiligini talap etmegidir.

Satyşa çykarylýan NEO-nyň esasy kemçiligi — çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin onuň VR (wirtual hakykat) şlemi arkaly adamyň dolandyryşyna mätäç bolmagydyr. Operatoryň roboty uzak aralykdan dolandyrmagy onuň doly awtonom däldigini görkezýär.

Ilkinji enjamlaryň ABŞ-daky müşderilere 2026-njy ýylyň dowamynda ugradylmagy meýilleşdirilýär. Robotyň bahasy bir gezeklik satyn alnanda 20 000 dollar, ýa-da abuna esasynda aýda 499 dollar bolar.

NEO bary-ýogy 30 kilogram agramda we 168 santimetr beýiklikdedir. Düzüjiler robotyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuň mehanikasyny ýumşak polimer karkas bilen örtüpdirler. Ol emeli «Tendon Drive» damar ulgamy arkaly sagatda 12 km çenli tizlikde hereket edip bilýär, ses derejesi bolsa bary-ýogy 22 desibeldir.

22 derejeli hereket azatlygy bolan eli we 70 kilograma çenli ýük göterijiligi bilen NEO ýuka ýa-da näzik zatlary hem ünsli dolandyryp bilýär. Batareýasy 4 sagatlap awtonom işleýär, şondan soň diňe 6 minutda bir sagatlyk zarýady täzeden ýygnap bolýar. Bu ulgam güýçli Nvidia Jetson Thor prosessory bilen dolandyrylýar we onuň içinde ýerleşdirilen Redwood NEO emeli aň modeli gaýtalama arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026