HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Le.Travel Buhara biýennale 2025 çäresine üýtgeşik syýahaty teklip edýär

Oktýabr 29, 2025 | 14:10 |14801
Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy şu ýylyň iň möhüm sungat çäreleriniň biri bolan — 2025-nji ýylyň Buhara biýennale sergisine ýörite dört günlük syýahaty taýýarladyLe.Travel syýahatçylyk kompaniýasy şu ýylyň iň möhüm sungat çäreleriniň biri bolan — 2025-nji ýylyň Buhara biýennale sergisine ýörite dört günlük syýahaty taýýarlady
Çeşme: orient.tm

Le.Travel syýahatçylyk kompaniýasy şu ýylyň iň möhüm sungat çäreleriniň biri bolan — 2025-nji ýylyň Buhara biýennale sergisine ýörite dört günlük syýahaty taýýarlady. Biýennale 20-nji noýabra çenli dowam eder.

Bu — sungatyň gadymy binagärligiň jümmüşinde - kerwensaraýlarda, medreselerde we gadymy şäheriň muzeýlerinde - janlanýan sergileri görmek üçin seýrek mümkinçilikdir. Biýennale özbek ussatlary bilen bilelikde döredijilik taslamalaryny amala aşyrýan 39 ýurtdan 200-den gowrak suratkeşi birleşdirýär.

Biýennaleniň esasy temasy — «Ýaralanan ýürekler üçin derman», bu tema beýik alym Ibn Sina barada aýdylýan rowaýata esaslanýar. Syýahata gatnaşyjylara döredilen her bir eseriň adam duýgularynyň aýnasyna öwrülýän sergiler, gastronomiýa arkaly mähir bilen döredilen «Oşkozon» kafesi we taryh bilen ylhamyň utgaşýan Buharanyň özboluşly ruhy garaşýar.

Ýerler çäkli. Bahalar we öňünden sargyt etmek baradaky giňişleýin maglumatlary şu telefon belgisi arkaly alyp bilersiňiz:

(+99365) 98-34-34 ýa-da Le.Travel kompaniýasynyň ofislerinde:

«Ak Altyn» işewürlik merkeziniň 2-nji gaty;

«Berkarar» söwda merkeziniň 1-nji gaty;

«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi;

Lebap welaýaty — Türkmenabat şäherindäki «Lebap söwda Merkezi».

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026