HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwa | Türkmenistan bilen Russiýa häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek strategiýasy maslahatlaşdyrlar

Oktýabr 27, 2025 | 22:20 |15471
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy sebitleýin we ählumumy howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýarlar. 27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde DIM-niň arasynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildiTürkmenistan we Russiýa Federasiýasy sebitleýin we ählumumy howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýarlar. 27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde DIM-niň arasynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy sebitleýin we ählumumy howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýarlar. 27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde DIM-niň arasynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna – Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşyk iýun aýynda gol çekilen Türkmenistanyň DIM-i bilen Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.

Gün tertibine sebitleýin howplar, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar babatynda pikirleri alyşmak girizildi alşyldy. Diplomatlar howpsuzlyk ulgamynda we täze wehimlere garşy göreşmek babatyndaky ikitaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler.

Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşygy belläp geçdiler şeýle hem köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde utgaşdyrmagyň mümkinçiliklerini hem gözden geçirdiler. Maglumat howpsuzlygy ulgamynda döwlet häkimiýetiniň iň gowy tejribelerini umumylaşdyrmagyň we mümkinçiliklerini artdyrmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça, degişli ugurda daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de özara goldaw bermäge bolan meýil tassyklanyldy we yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY — Türkmenistandaky Toyota kompaniýasynyň resmi dilerinden tomusky hyzmat aksiýasy

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY — Türkmenistandaky Toyota kompaniýasynyň resmi dilerinden tomusky hyzmat aksiýasy

23:06 Iýun 25, 2026