HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI aýdym-saz döretmek üçin emeli aň ulgamyny döredýär

Oktýabr 28, 2025 | 11:15 |13713
OpenAI saz döretmäge ukyply emeli aň modelini işläp taýýarlamaga başlady. Taslama Amerikanyň meşhur Juilliard saz mekdebi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar, bu okuw mekdebi saz notalaryny belliklemek işinde ýardam eder.OpenAI saz döretmäge ukyply emeli aň modelini işläp taýýarlamaga başlady. Taslama Amerikanyň meşhur Juilliard saz mekdebi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar, bu okuw mekdebi saz notalaryny belliklemek işinde ýardam eder.
Çeşme: Pixabay

OpenAI saz döretmäge ukyply emeli aň modelini işläp taýýarlamaga başlady. Taslama Amerikanyň meşhur Juilliard saz mekdebi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar, bu okuw mekdebi saz notalaryny belliklemek işinde ýardam eder. Model tekst we audio görkezmeler esasynda saz döretmäge ukyply bolar we geljekde ChatGPT ýa-da Sora platformalaryna integrirlenip bilner.

Bu gural Google, Suno we Udio kompaniýalarynyň çözgütleri bilen bäsleşer. OpenAI saz döretmegi öz platformalaryndaky ulanyjylaryň gatnaşygyny artdyrmagyň we girdejileri köpeltmegiň bir ýoly hökmünde görýär. Häzirki wagtda bu platformalarda takmynan 800 million ulanyjy bar.

1

Modeliň mahabat we wideo öndürijilik pudagynda hem uly täjirçilik mümkinçilikleri bar. Ol wokal ýazgylar üçin gitara akkordlaryny awtomatik döredip biler ýa-da wideo mazmuny üçin fon sazy saýlap biljek, bu bolsa mahabat agentlikleriniň işini ýeňilleşdirer.

OpenAI, Sora wideo platformasynda bolşy ýaly, hukuk eýelerine mazmunyň gözegçiligini we girdejileriň paýlanyşyna gatnaşmak mümkinçiligini berip biler. Saz modeliniň resmi işe giriziljek senesi we ony integrirlemek üçin platformanyň ady entek mälim edilmedi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026